Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 9:8 - Mukaddes Kitap

8 Öz huzuryňda ýüregini sadyk tapyp, kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, ýabuslaryň, girgaşlaryň ýurduny nesline bermek hakda onuň bilen äht edişen we ähtini ýerine ýetiren adalatly Hudaýsyň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Өз хузурыңда йүрегини садык тапып, кенганларың, хетлериң, аморларың, перизлериң, ябусларың, гиргашларың юрдуны неслине бермек хакда онуң билен әхт эдишен ве әхтини ерине етирен адалатлы Худайсың.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 9:8
39 Iomraidhean Croise  

Reb Ybrama görnüp: «Men şu ýurdy seniň nesliňe berjek» diýdi. Ybram ol ýerde özüne görnen Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady.


Ybram Rebbe iman etdi we Reb ony dogry hasaplady.


Perişde: «Oglana el gatma, oňa hiç zat etme. Indi Men seniň Hudaýdan gorkýandygyňy bilýärin. Sen öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmadyň» diýdi.


Hudaý – Onuň ýoly kämildir, Rebbiň sözleri sapdyr, Ony pena edinýänleriň baryna Reb galkandyr.


Ýa Reb, eý, Ysraýyl Hudaýy, Sen adylsyň! Bu gün biziň, aman galan halkyň günäsi zerarly Seniň öňüňde durup biljegimiz ýokdur, emma şonda-da biz Seniň huzuryňda durus».


Başymyzdan inen ähli jezalarda Sen adalatly bolduň. Çünki Sen wepaly bolsaň-da, biz erbetlik etdik.


Men olary Müsür zulumyndan azat edip, süýt we bal akýan mes toprakly ýurda, ýagny kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna eltmegi wada berendigimi olara gürrüň ber.


Şonuň üçin hem Men olary müsürlileriň elinden azat etmek üçin aşak indim. Men olary süýt we bal akýan mes toprakly ýurda – kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna alyp barjak.


«Eý, ynsan ogly! Ysraýyl ýurdundaky harabaçylyklarda ýaşaýan ilat: „Ybraýym ýeke adamdy, ol bu ýurdy miras aldy; emma biz köp; indi bu ýurt mülk hökmünde bize berlendir“ diýýärler».


Emma ol ýerde ýaşaýan halk biçak güýçli eken. Olaryň galalary berk diwarly we örän uly. Hatda ol ýerde biz Anagyň nesillerini-de gördük.


Hudaý ynsan däl ahyryn, ýalan sözlär ýaly. Ol adam ogly däl, pikirini üýtgeder ýaly. Heý, Onuň beren wadasynyň, aýdan sözüniň bitmedigi barmy?


Hudaý Şawuly tagtdan düşürenden soň bolsa, olara Dawudy patyşa etdi we ol hakda şaýatlyk edip: „Göwnümden turýan bir adamy, Ýyşaýyň ogly Dawudy tapdym. Ol Meniň ähli islegimi berjaý eder“ diýdi.


Siz şol döwürde hyzmat edýän ruhanynyň ýanyna baryp, oňa: „Bu gün men Rebbiň ata-babalarymyza wada eden ýurduna gelendigimi Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda jar edýärin“ diýiň.


Ol Gaýadyr, işleri kämildir, bütin ýollary hakdyr. Wadasynda durýan Hudaýdyr. Dogry hem adyldyr.


«Hudaýyňyz Reb sizi mülk edinjek ýeriňize getirende, Ol sizden has güýçli we köp sanly halklary öňüňizden kowup çykarar. Olar hetler, girgaşlar, amorlar, kenganlar, perizler, hiwiler hem-de ýabuslar jemi ýedi milletdir.


Olaryň ýurduny eýelemegiňiz, siziň dogruçyldygyňyz ýa-da päk ýüreklidigiňiz üçin däldir. Bu halklaryň erbetdigi sebäpli, Hudaýyňyz Reb olary siziň öňüňizden kowup çykarýar. Şeýle hem, Reb muny ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba wadasyny ýerine ýetirmek üçin edýär.


Hudaýyň bu ýörelgesi baky ýaşaýyş umydyny berýär. Sözünde asla ýalan bolmadyk Hudaý bu ýaşaýşy dünýä ýaradylmazdan öň wada berip,


Hudaý Ybraýymy synanda, Ybraýym iman arkaly Yshagy gurbanlyk hökmünde hödürledi. Hudaý oňa: «Seniň adyň Yshagyň nesli arkaly dowam eder» diýip wada beren hem bolsa, Ybraýym şol ýalňyz ogluny gurbanlyk etmäge taýýardy.


Şeýlelikde, Hudaý bize iki zat: hem wada berdi, hem kasam etdi. Munuň ikisi hem üýtgewsizdir, sebäbi Hudaý hiç wagt ýalan sözlemeýär. Şonuň üçin hem, biz Hudaýda pena tapyp, özümize berlen umyda berk ýapyşyp ruhlanýarys.


Şeýdip, Ýeşuwa Rebbiň Musa basyp almaly diýen ýerleriniň hemmesini aldy we ol ýerleri bölüp, ysraýyllaryň tireleri boýunça olara mülk edip paýlap berdi. Şunlukda, ýer uruşdan dynyp rahatlandy.


gündogar we günbatar kengan hanlaryna, daglyklarda ýaşaýan amorlara, hetlere, perizlere, ýabuslara we Hermon dagynyň etegindäki Mispa ülkesinde ýaşaýan hiwilere kömek etmeklerini sorap habar iberdi.


Ine, görşüňiz ýaly, meniň sanalgym doldy. Hudaýyňyz Rebbiň size beren ähli ajaýyp wadalarynyň ýekejesi hem ýerine ýetmän galmandygyny siziň hut özüňiz mese-mälim bilýäňiz. Onuň her bir sözi amala aşdy, ýekejesi hem hakykata öwrülmän galmady.


Ysraýyllaryň ýeňşi hakyndaky habar Iordanyň günbataryndaky ähli hanlara: het, amor, kengan, periz, hiwi, ýabus hanlaryna baryp ýetdi. Olar daglyklarda, günbatardaky baýyrlyklarda, şeýle hem Ortaýer deňziniň tutuş kenar ýakasyndan tä Liwana çenli aralykda ýaşaýan hanlardylar.


Emma günälerimizi boýun alsak, sadyk hem adalatly Hudaý günälerimizi bagyşlar we bizi her hili ýamanlykdan tämizlär.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan