Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 9:7 - Mukaddes Kitap

7 Ýa Beýik Hudaý, Ybramy saýlap, ony babyllylaryň Ur galasyndan çykaryp, oňa Ybraýym adyny beren Sensiň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Я Бейик Худай, Ыбрамы сайлап, оны бабыллыларың Ур галасындан чыкарып, оңа Ыбрайым адыны берен Сенсиң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 9:7
11 Iomraidhean Croise  

Tera ogly Ybramy, agtygy Haranyň ogly Luty, gelni bolan Ybramyň aýaly Seraýy öz ýanyna alyp, Kengan topragyna gitmek üçin babyllylaryň Ur galasyndan çykyp gaýtdy. Olar Harana gelip, şol ýerde mesgen tutdular.


Reb Ybrama: «Şu ýurda eýe bolmagyň üçin, seni babyllylaryň Ur galasyndan çykaran Reb Mendirin» diýdi.


indiden beýläk seniň adyň Ybram däl-de, Ybraýym bolar, çünki Men seni köp milletleriň atasy edýärin.


Dogruçyllyk hem adalatlylyk bilen Rebbiň ýolundan ýöremekligi ogullaryna we nesillerine tabşyrsyn diýip, Men Ybraýymy saýladym. Eger olar Meniň aýdanlarymy berjaý etseler, onda Men Ybraýyma beren wadalarymyň hemmesini ýerine ýetirerin».


Ataňyz Ybraýyma, özüňizi dogran Sara nazar aýlaň; Ybraýymy çagyranymda, ol ýekedi, emma Men ony ýalkadym, köpeltdim».


Reb diňe siziň ata-babalaryňyzy ýürekden söýdi we bu günki görşüňiz ýaly, ähli halklaryň arasyndan olaryň soňky nesilleri bolan sizi saýlady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan