Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 9:6 - Mukaddes Kitap

6 Ezra şeýle diýdi «Reb Sen, diňe Sensiň. Gögi, arşy ähli ýyldyzlary bilen, Ýeri we ondaky barça zatlary, deňizleri we olardaky ähli janly-jandarlary ýaradan Sensiň. Hemmesine Sen jan berýäň. Gögüň goşunlary Saňa sežde edýärler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Эзра шейле дийди «Реб Сен, диңе Сенсиң. Гөги, аршы әхли йылдызлары билен, Ери ве ондакы барча затлары, деңизлери ве олардакы әхли җанлы-җандарлары ярадан Сенсиң. Хеммесине Сен җан берйәң. Гөгүң гошунлары Саңа сежде эдйәрлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 9:6
43 Iomraidhean Croise  

Başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy.


Hudaý: «Asmanyň astyndaky suwlar bir ýere jemlensin we gury ýer emele gelsin!» diýdi. Bu şeýle-de boldy.


Şeýdip, tutuş älem-jahanyň we ondaky ähli zatlaryň ýaradylyşy tamamlandy.


Ýakup olary görüp: «Bu Hudaýyň düşelgesi» diýdi. Şeýdip, Ýakup ol ýeri Mahanaýym diýip atlandyrdy.


Onsoň Mikaýa şeýle diýdi: «Şonuň üçin hem sen Rebbiň sözüne gulak goý. Men Rebbiň Öz tagtynda oturanyny, gögüň ähli goşunlarynyň Onuň sagynda we solunda ýakyn duranyny gördüm.


Emma Hudaý ýerde mesgen tutarmy? Seni hatda gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär. Onsoň meniň bu salan öýüm dagy nämejik!


Hizkiýa Rebbiň huzurynda dileg edip, şeýle diýdi: «Eý, keruplaryň üstünde tagt guran Ysraýyl Hudaýy Reb! Bütin dünýäniň patyşalyklarynyň Hudaýy Sensiň, Sen ýeke-täksiň. Ýeri-gögi ýaradan-da Sensiň.


Indi, eý, Hudaýymyz Reb, bizi Aşur patyşasynyň elinden halas et. Ýa Reb, goý, bütin dünýäniň ähli patyşalyklary Seniň ýeke-täk Hudaýdygyňy bilsinler».


Onsoň lewiler Ýeşuwa, Kadmyýel, Bany, Haşabneýa, Şerebýa, Hodyýa, Şebanýa we Petahýa dagy şeýle diýdiler: «Ör turuň we ezelden ebedä çenli bolan Hudaýyňyz Rebbi şöhratlandyryň! Ýa Reb, alkyşlardan, öwgülerden üstün bolan şöhratly adyňa alkyş bolsun!»


Aw üçin arslanlar arlaýar, olar Hudaýdan rysklaryny dileýär.


Reb pespälleri galdyrýar, Ol erbetleri ýere pylçaýar.


Onuň ähtiniň düzgünlerini saklaýanlara söýgi bilen sadyklykdyr Rebbiň ähli ýollary.


Oňa nazar salyň, nurlanarsyňyz, asla utandyrylmaz siziň ýüzüňiz.


Nur deý ýalpyldadar dogrulygyňy, günorta çagy deý – haklylygyňy.


«Eý, keruplaryň üstünde tagt guran Ysraýyl Hudaýy Reb! Bütin dünýäniň patyşalyklarynyň Hudaýy Sensiň, Sen ýeke-täksiň. Ýeri-gögi ýaradan-da Sensiň.


Indi, eý, Hudaýymyz Reb, bizi Aşur patyşasynyň elinden halas et. Ýa Reb, goý, bütin dünýäniň ähli patyşalyklary Seniň ýeke-täk Hudaýdygyňy bilsinler».


Siz Meniň şaýadymsyňyz, muny Men – Reb aýdýandyryn. Öz saýlan bendelerimsiňiz, Siz Meni bilip, Maňa ynam ediň, Meniň Şoldugyma düşüniň, Menden öň hiç hudaý bolan däldir, Menden soň-da hijisi bolmaz.


Ysraýylyň Patyşasy we Penakäri Reb, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ilkinji we ahyrkydyryn, Menden başga hudaý ýokdur.


Gorkmaň, eýmenmäň, Saňa owaldan aýtmadymmy, bildirmedimmi näme? Siz Meniň şaýatlarym! Hudaý barmy Menden başga? Başga Gaýa ýokdur, hiç birini bilmeýärin».


Men ýeri döretdim, onda ynsanlary ýaratdym; ellerim gökleri gerdi, asman jisimlerine buýruk berdim.


«Eý, Hökmürowan Reb! Beýik gudratyň we güýjüň bilen ýeri we gögi ýaratdyň. Seniň üçin hiç bir kyn zat ýok.


Men olara parzlarymy we hökümlerimi berdim. Bu hökümleri berjaý eden her bir adam ýaşar.


Ýunus bulara: «Deňzi we gury ýeri ýaradan Gögüň Hudaýy Rebbe sygynýaryn. Men ýewreýdirin» diýip jogap berdi.


Atam Ikimiz birdiris» diýip jogap berdi.


Muny eşidenlerinde, olaryň hemmesi batly ses bilen Hudaýa şeýle doga-dileg etdiler: «Eý, Hojaýynymyz Reb! Ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli zady ýaradan Sensiň!


Şeýle-de gök, gökleriň gögi, ýer ýüzi we onuň üstündäki ähli zatlar Hudaýyňyz Rebbiňki bolsa-da,


Indi görüň, ýeke-täk Hudaý Mendirin. Menden başga hudaý ýokdur! Öldürýän-de Mendirin, direldýän-de. Ýaralaýan-da Mendirin, sagaldýan-da, gutuljak ýokdur Meniň elimden.


Eý, ysraýyl halky, gulak goý. Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir.


Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymydyr, Onuň barlygynyň keşbidir. Ol bütin älem-jahany gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden päkländen soň, gökde beýik Hudaýyň sagynda oturdy.


Hudaý ýeke-täk Ogluny dünýä iberende: «Goý, Hudaýyň ähli perişdeleri Oňa sežde etsinler!» diýdi.


Ol batly ses bilen şeýle diýýärdi: «Hudaýdan gorkuň! Ony beýgeldiň! Çünki Onuň kazylyk etjek sagady geldi! Ýeri, gögi, deňzi, suw gözbaşlaryny Ýaradana sežde ediň!»


«Ýa Reb Hudaýymyz! Sen şöhrata, hormata we gudrata mynasypsyň. Hemme zady Sen ýaradansyň. Ählisi yradaňa görä döredildi we ýaradyldy» diýýärdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan