Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 9:5 - Mukaddes Kitap

5 Onsoň lewiler Ýeşuwa, Kadmyýel, Bany, Haşabneýa, Şerebýa, Hodyýa, Şebanýa we Petahýa dagy şeýle diýdiler: «Ör turuň we ezelden ebedä çenli bolan Hudaýyňyz Rebbi şöhratlandyryň! Ýa Reb, alkyşlardan, öwgülerden üstün bolan şöhratly adyňa alkyş bolsun!»

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Онсоң левилер Ешува, Кадмыел, Баны, Хашабнея, Шеребя, Ходыя, Шебаня ве Петахя дагы шейле дийдилер: «Өр туруң ве эзелден эбедә ченли болан Худайыңыз Ребби шөхратландырың! Я Реб, алкышлардан, өвгүлерден үстүн болан шөхратлы адыңа алкыш болсун!»

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 9:5
36 Iomraidhean Croise  

Onsoň patyşa halka tarap öwrülip, bütin ysraýyl jemagatyna ak pata berdi. Bütin ysraýyl jemagaty dik durdy.


Süleýman şeýle diýdi: «Kakam Dawuda: „Men ysraýyl halkymy Müsürden çykaralym bäri, Maňa ybadat etmäge öý gurmaklary üçin ysraýyl tirelerinden ýekeje şäheri-de saýlamadym. Men ysraýyl halkyma şalyk etsin diýip, Dawudy patyşalyga saýladym“ diýip beren wadasyny berjaý eden Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun!


Soňra Süleýman Rebbiň gurbanlyk sypasynyň hem bütin ysraýyl halkynyň öňünde durup, ellerini göge tarap uzatdy:


Emma Hudaý ýerde mesgen tutarmy? Seni hatda gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär. Onsoň meniň bu salan öýüm dagy nämejik!


Ysraýyl Hudaýy Rebbe ezelden ebedä çenli alkyşlar bolsun!» Onsoň tutuş halk «Omyn» diýip, Rebbi şöhratlandyrdy.


Beýiklik, güýç-gudrat, şöhrat, ýeňiş hem belentlik Seniňkidir, gökdäki hem ýerdäki zatlaryň hemmesi Seniňkidir; patyşalyk hem Seniňkidir, ýa Reb! Sen ählisinden belentsiň.


Indi, eý, Hudaýymyz biz Saňa minnetdarlyk bildirýäris, Seniň şöhratly adyňa alkyş okaýarys.


Soň Dawut tutuş halka: «Hudaýyňyz Rebbe alkyş okaň» diýip ýüzlendi. Tutuş halk öz ata-babalarynyň Hudaýy Rebbe alkyş okadylar. Olar baş egip, Rebbe sežde, patyşa-da tagzym etdiler.


Ýahuda erkekleriň bary öz ýaş çagajyklary, aýallary we ogullary bilen Rebbiň huzurynda durdular.


Lewiler, kohatlar we koralar belent owaz bilen Ysraýyl Hudaýy Rebbe öwgi aýtmak üçin dik durdular.


Olar Rebbi alkyşlap, Oňa şükür edip: «Reb ýagşy, Onuň Ysraýyla bolan söýgüsi baky» diýip, nagma aýtdylar. Rebbi alkyşlanlarynda, bütin halk uly şowhun etdi, sebäbi Rebbiň öýüniň düýbi tutulypdy.


Lewileriň sekisinde Ýeşuwa, Bany, Kadmyýel, Şebanýa, Bunny, Şerebýa, Bany we Kenany dagy durdular. Olar gaty ses bilen Hudaýy Rebbi çagyrdylar.


Ezra şeýle diýdi «Reb Sen, diňe Sensiň. Gögi, arşy ähli ýyldyzlary bilen, Ýeri we ondaky barça zatlary, deňizleri we olardaky ähli janly-jandarlary ýaradan Sensiň. Hemmesine Sen jan berýäň. Gögüň goşunlary Saňa sežde edýärler.


Ol: «Ýalaňaç indim bu dünýä, ýalaňaç-da dolanaryn o dünýä. Beren-de Rebdir, alan-da Rebdir. Goý, Rebbiň adyna alkyş bolsun!» diýdi.


diýip, Rebbiň azat edenleri, goý, aýtsyn. Ol olary duşman elinden halas eýledi,


Rebbe şan-şöhrat bolsun! Eý, Rebbe hyzmat edýänler, Rebbiň adyny şöhratlandyryň! Eý, Rebbiň öýünde, Hudaýymyzyň öýüniň howlusynda hyzmat edýänler, Rebbi şöhratlandyryň!


Men ömürboýy Rebbi şöhratlandyraryn, demim barka Hudaýyma nagma aýdaryn.


Neneň bagtly Ýakubyň Hudaýyna daýanýan, onuň Hudaýy Rebbe umyt baglaýan!


Reb Iýerusalimi bina eýleýär, Ysraýylyň pytranlaryny jemleýär.


Ýa Reb, Sen meni akla! goý, haklygy görsün Seniň gözleriň.


Goý, Hudaý bize merhemet etsin, bizi ýalkasyn, üstümize Öz ýüzüniň nuruny saçsyn. Sela


Ol Beýik Hudaýdyr, siz muny biliň. Ol bizi ýaratdy, biz-de Onuňky, biz – örüsiniň goýunlary we Onuň halky.


Eý, Rebbim, hudaýlaryň arasynda heý-de Seň ýalysy barmydyr? Kim mukaddeslikde Seniň ýaly beýik! Geň gudratlaryňdan gorkup, halk Seni şöhratlar.


Ýa Reb, Seniň sag goluň güýç-gudratda şöhratlydyr. Ýa Reb, Seniň sag goluň duşmany mynjyradýar.


Ol şeýle diýdi: «Owaldan ebedä çenli Hudaýyň adyna alkyş ýagsyn, çünki paýhas we gudrat Oňa mahsusdyr.


Şol wagt Isa sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, ýeriň we gögüň Hökümdary! Bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, çagalara aýan edeniň üçin Saňa şükür edýärin!


Çünki «Tümlükde nur parlasyn» diýen Hudaý biziň-de ýüreklerimizi ýagtylandyryp, Isa Mesihiň ýüzünde parlaýan Öz şöhratyny bize tanatdy.


Beýik we haýbatly Hudaýyňyz Rebden gorkup, bu kitapda ýazylan bu Kanunyň ähli sözlerini yhlas bilen ýerine ýetirmeseňiz,


Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Öz beýik merhemetine görä, Isa Mesihiň ölümden direlmegi arkaly bizi täze durmuşa we ýaşaýyş umydyna gowşurdy.


Rebbiň perişdesi oňa: «Meniň adymy näme soraýarsyň? Ol örän täsindir!» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan