Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 9:25 - Mukaddes Kitap

25 Şeýdip, olar galaly şäherleri, mes toprakly ýerleri basyp aldylar. Içi oňat zatlardan doly öýleri, gazylan guýulary, üzüm baglaryny, zeýtun baglaryny, köp sanly miweli agaçlary eýelediler. Şeýdip, olar iýip doýdular, semrediler. Seniň uly sahawatyňdan lezzet aldylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

25 Шейдип, олар галалы шәхерлери, мес топраклы ерлери басып алдылар. Ичи оңат затлардан долы өйлери, газылан гуюлары, үзүм багларыны, зейтун багларыны, көп санлы мивели агачлары эеледилер. Шейдип, олар ийип дойдулар, семредилер. Сениң улы сахаватыңдан леззет алдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 9:25
25 Iomraidhean Croise  

Gaýtam, sen özüňden öňki patyşalaryň baryndan beter pislik etdiň. Sen guýma altyn göle butlaryny ýasap, olara sežde edip, Meniň gaharymy getirdiň we Menden ýüz öwürdiň.


Şundan soň Süleýman halky öýli-öýüne ugratdy. Olar patyşany ýalkap, Rebbiň Öz guly Dawuda, halky ysraýyla görkezen ähli ýagşylyklary üçin şatlanyp, göwnühoşlukda öýli-öýlerine gaýtdylar.


Olar öz patyşalyklarynda, Seniň beren bolçulygyňda, Seniň beren giň we mes toprakly mekanyňda Saňa gulluk etmediler, öz pis işlerinden el çekmediler.


Emma Ol dat-perýatlaryny eşiden wagty, olaryň muşakgatlaryna nazar aýlady.


Sen bizi duzaga saldyň, arkamyza muşakgatlar ýüklediň.


Bu halkyň ýüregini kütelt, gulaklaryny ker et, gözlerini gap, gözleri bilen görmesin, gulaklary bilen eşitmesin, aňlary bilen aňlamasyn, Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».


Rebbiň eden ähli işlerine görä Onuň ýagşylygyny, alkyşlaryny, rehimlerine görä, Ysraýyl nesline görkezen beýik merhemetini, uly ýagşylygyny agzaýyn.


Miwesidir näz-nygmatyndan iýsin diýip, getirdim Men sizi bereketli ýere. Emma gireniňizde ol ýere, haram etdiňiz siz ülkämi, nejis zada öwürdiňiz mülkümi.


Ruhanylary doýraryn bol iýmitden, halkym hem doýar näz-nygmatdan». Muny Reb aýdýandyr.


Olar gelip, ony eýelediler, emma Saňa gulak asmadylar. Seniň kanunyňa eýermediler, berjaý etmekleri üçin buýran tabşyryklaryňyň hiç birini ýerine ýetirmediler. Şonuň üçin hem, Sen bu betbagtçylyklaryň ählisini olaryň başyndan inderdiň.


Hawa, şol gün Men olary Müsür ýurdundan çykaryp, olar üçin gözlän ýurduma, ähli ýurtlardan gözel bolan süýt we bal akýan ýurda getirjekdigime söz berdim.


Ol welaýata bolçulyk döwründe duýdansyz baryp, ata-babalarynyň hiç haçan edip bilmedik işlerini eder. Talaň, çapawulçylyk edip, oljany öz goşunynyň arasynda paýlar. Galalaryň garşysyna dildüwşük gurar, emma bu uzak gitmez.


Meniň naharymdan, olar doýdular. Doýandan soň olar tekepbir boldular. Soň olar Meni unutdylar.


Ýa-da sen Hudaýyň çäksiz mähremligine, geçirimliligine, sabyr-takadyna äsgermezlik edýärsiňmi? Onuň mähribanlygynyň seni toba eltýändigine düşünmeýärsiňmi?


Bularyň hemmesi berk diwarly, gulp bilen ýapylýan iki gat derwezeli berk galalardy. Bulardan başga obalar-da köpdi.


Reb ony ýer ýüzüniň belentliginde gezdirdi, meýdan önümi bilen naharlady. Gaýadan akan bal bilen, çakmak daşdan çykan zeýtun ýagy bilen bakdy.


Sygyr ýagydyr goýnuň süýdi bilen, semiz goç-guzular bilen, Başan ýurduň öküzleridir erkeji bilen, iň saýlama bugdaý bilen bakdy. Üzümden edilen gyrmyzy şerapdan içirdi.


Ýöne Ýeşurun semredi, depmäge başlady. Garnyny ýag alyp agyrlaşdy. Özüni ýaradan Hudaýyndan ýüz öwürdi, ret etdi Halasgär Gaýasyny.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan