Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 9:23 - Mukaddes Kitap

23 Nesillerini gögüň ýyldyzlary kimin köpeldip, olary eýelemäge bararsyňyz diýip atalaryna aýdan ýurduňa getirdiň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

23 Несиллерини гөгүң йылдызлары кимин көпелдип, олары эелемәге барарсыңыз дийип аталарына айдан юрдуңа гетирдиң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 9:23
12 Iomraidhean Croise  

Reb Ybrama görnüp: «Men şu ýurdy seniň nesliňe berjek» diýdi. Ybram ol ýerde özüne görnen Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady.


«Müsür derýasyndan tä beýik Ýewfrat derýasyna çenli uzalyp gidýän şu ýurdy: keýnleriň, kenizleriň, kadmonlaryň, hetleriň, perizleriň, rapalaryň, amorlaryň, kenganlaryň, girgaşlaryň we ýabuslaryň ýaşaýan ýurduny Men seniň nesliňe berýändirin» diýip, hut şol gün Reb Ybram bilen äht edişdi.


Soňra Reb Ybramy daşary çykaryp: «Asmana seret. Sen şol görünýän ýyldyzlary sanap bilseň sanaý. Seniň şonça-da nesliň bolar» diýdi.


Häzirki gelmişek bolup ýaşap ýören ýeriň bolan Kengan ýurduny tutuşlygyna Men saňa hem-de nesliňe ebedilik mülk edip bererin. Men olaryň Hudaýy bolaryn».


Men hakykatdanam seni ýalkap, seniň nesliňi asman ýyldyzlarydyr deňiz ýakasynyň çägeleri deý köpelderin. Seniň nesliň öz duşmanlaryndan üstün çykar.


Ýigrimi hem-de ondan kiçi ýaşlylary Dawut hasaba almandy, sebäbi Reb Ysraýyly gökdäki ýyldyzlaryň sany kimin köpeltmegi wada edipdi.


Emma müsürliler ysraýyllara näçe zulum etseler-de, olar öňküsinden-de has köpeldiler we olaryň sany juda artdy. Müsürlileriň ysraýyllardan susty basyldy.


Emma ysraýyl ogullarynyň nesilleriniň tohum-tiji ýaýrap köpeldiler we olaryň sany juda artdy, şoňa görä hem tutuş Müsür olardan doludy.


Siz asman ýyldyzlary ýaly köpdüňiz, emma siz az bolup galarsyňyz, sebäbi siz Hudaýyňyz Rebbe boýun egmediňiz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan