Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 9:22 - Mukaddes Kitap

22 Olara patyşalyklary, halklary berip, her bir künjegi deň paýladyň. Şeýdip, olar Heşbon patyşasy Sihonyň ýurduny we Başan patyşasy Oguň ýurduny eýelediler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

22 Олара патышалыклары, халклары берип, хер бир күнҗеги дең пайладың. Шейдип, олар Хешбон патышасы Сихоның юрдуны ве Башан патышасы Огуң юрдуны эеледилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 9:22
16 Iomraidhean Croise  

Emma Ol dat-perýatlaryny eşiden wagty, olaryň muşakgatlaryna nazar aýlady.


„Men dünýäni, ýer ýüzünde ýaşaýan ynsanlardyr haýwanlary beýik gudratym hem güýjüm bilen ýaratdym. Olary göwnümiň islän kişisine bererin.


Olar gelip, ony eýelediler, emma Saňa gulak asmadylar. Seniň kanunyňa eýermediler, berjaý etmekleri üçin buýran tabşyryklaryňyň hiç birini ýerine ýetirmediler. Şonuň üçin hem, Sen bu betbagtçylyklaryň ählisini olaryň başyndan inderdiň.


Men olary wada beren ýurduma getirenimde, olar her bir gören beýik baýyrlykda, her bir gür ýaprakly agajyň astynda gurbanlyklaryny hödürlediler. Ol ýerde Meniň gaharymy getirýän sadakalaryny, hoşboý ysly tütetgilerini we içgi sadakalaryny hödür etdiler».


Bu Musanyň Heşbonda höküm süren amorlaryň hany Sihony, şeýle hem, Aştarotda we Edreýde höküm süren Başan ýurduň hany Ogy ýeňenden soň boldy.


Ynsanlar arasyndan olary dagatmakdy, olar hakdaky ýatlamany öçürip taşlamakdy pikirim.


Ol bulary Iordanyň gündogarynda, Beýtpegoryň garşysyndaky jülgede, ýagny Heşbonda höküm süren amorlaryň hany Sihonyň ýurdunda aýtdy. Musa bilen ysraýyllar Müsürden çykanlaryndan soň amorlary derbi-dagyn etdiler.


Olar Sihonyň ýurduny we Başan hany Oguň ýurduny, ýagny Iordanyň gündogaryndaky bu iki amor hanynyň ýurduny özlerine mülk edip aldylar.


Olar Beýthoron dagynyň eňňidiniň ugry bilen ysraýyllardan gaçanlarynda, Reb Azeka barýança olaryň üstüne gökden uly daşlar ýagdyrdy, olar gyryldylar. Uly daşyň aşagynda galyp ölenler ysraýyllaryň öldürenlerinden köp boldy.


Şeýdip, Ýeşuwa Rebbiň Musa basyp almaly diýen ýerleriniň hemmesini aldy we ol ýerleri bölüp, ysraýyllaryň tireleri boýunça olara mülk edip paýlap berdi. Şunlukda, ýer uruşdan dynyp rahatlandy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan