Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 9:21 - Mukaddes Kitap

21 Olary kyrk ýyllap çölde eklediň, hiç zada zar etmediň. Olaryň eşikleri könelmedi, aýaklary gabarmady.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

21 Олары кырк йыллап чөлде экледиң, хич зада зар этмедиң. Оларың эшиклери көнелмеди, аяклары габармады.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 9:21
9 Iomraidhean Croise  

Şeýle diýer meniň ähli süňklerim: «Ýa Reb, eýsem Sen ýaly barmy? Sen ejizi gutarýarsyň güýçlüden, pukaradyr mätäçleri – talaňçysyndan».


Ysraýyllaryň ornaşan ýurdy bolan Kengan topragyna baryp ýetýänçäler, olar kyrk ýyllap manna iýdiler.


Eý, ysraýyl halky, Maňa çölde kyrk ýyllap gurbanlyklar we sadakalar hödürlediňizmi?


Kyrk ýylyň dowamynda Hudaý olaryň çöldäki etmişlerine çydady.


Hudaýyňyz Reb, hakykatdan-da, siziň her bir tutan işiňize bereket berdi. Siziň bu ummasyz çölüň içi bilen barýandygyňyzy Ol bilýärdi. Şol geçen kyrk ýylyň içinde, Hudaýyňyz Reb siziň bilen bile boldy. Siz hiç zada zar bolmadyňyz.


Reb: „Men sizi kyrk ýyllap çölde aýladym. Egniňize geýen eşigiňiz ýyrtylmady, aýagyňyza geýen çarygyňyz könelmedi.


Hudaýyňyz Rebbiň kyrk ýyllap şu çölden sizi alyp gelen uzak ýoluny unutmaň. Ol siziň ýüregiňizde näme bardygyny, Onuň buýruklaryny ýerine ýetirýändigiňizi ýa-da ýerine ýetirmeýändigiňizi bilmek üçin, sizi Özüne boýun egdirip synaga saldy.


Bu kyrk ýylyň içinde siziň geýen geýimleriňiz ýyrtylyp tozmady, aýaklaryňyz-da gabarmady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan