Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 9:2 - Mukaddes Kitap

2 Ysraýyllar ähli kese ýerlilerden özlerini aýryp, öz günälerini, ata-babalarynyň etmişlerini boýun aldylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Ысрайыллар әхли кесе ерлилерден өзлерини айрып, өз гүнәлерини, ата-бабаларының этмишлерини боюн алдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 9:2
24 Iomraidhean Croise  

olar hem ýesirlige äkidilen ýurtlarynda oýlanyp toba edip, ýalbaryp: „Biz nähaklyk edip, günä gazandyk, pislik etdik“ diýip,


Indi bolsa ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň öňünde günäleriňizi boýun alyp, onuň erk-isleglerini ýerine ýetiriň. Özüňizi bu ýeriň halklaryndan we keseki halklardan alan aýallaryňyzdan aýry tutuň» diýdi.


Ysraýylyň sürgünden gaýdyp gelen halky, şeýle hem Ysraýyl Hudaýy Rebbe ybadat etmek üçin şol ýerli halklaryň nejis işlerinden el çekip, ýahudalara goşulanlaryň bary ony iýdiler.


Bu işler tamamlanandan soň, baştutanlar meniň ýanyma gelip: «Ysraýyl halky we ruhanylardyr lewiler bu ýeriň halklaryndan, ýagny kenganlardan, hetlerden, perizlerden, ýabuslardan, ammonlardan, mowaplardan, müsürlilerden, amorlardan we olaryň nejis işlerinden özlerini aýry tutup bilmediler» diýdiler.


Ýa Reb, eý, Ysraýyl Hudaýy, Sen adylsyň! Bu gün biziň, aman galan halkyň günäsi zerarly Seniň öňüňde durup biljegimiz ýokdur, emma şonda-da biz Seniň huzuryňda durus».


Çünki ysraýyllar özlerine we ogullaryna olardan gyz alyp, mukaddes tohumy ýerli halklar bilen garyşdyrdylar. Bu hyýanatda baştutanlaryň özleri hemmeden öňde boldular.


Guluň bolan meniň ysraýyl halkynyň Saňa garşy eden günäsini boýun alyp, gije-gündiz Saňa edýän dilegimi eşideriň ýaly, gulagyň eşitgir, gözüň ýiti bolsun. Menem, atalarymam günä etdik.


Galan halk, ruhanylar, lewiler, ybadathana derwezebanlary, aýdymçylary, hyzmatkärleri we Hudaýyň kanunyna uýmak üçin özlerini ýerli halklardan bölüp aýranlaryň hemmesi – olaryň aýallary, ogul-gyzlary, kanuna düşünip bilýänleriň bary öz garyndaşlary we olaryň begleri bilen birleşdiler. Olar Hudaýyň guly Musanyň üsti bilen berlen kanuna görä ýaşamaga, Hökmürowan Rebbimiziň ähli tabşyryklaryny, hökümlerini, parzlaryny saklap, olary berjaý etmäge ant içdiler, ýerine ýetirmeýänleri bolsa näletlediler.


Halk bu kanuny eşidip, keseki milletlerden bolanlaryň baryny Ysraýyldan bölüp aýyrdy.


Şeýdip, men halky kesekileriň täsirinden sapladym. Ruhanylar bilen lewileriň wezipelerini paýlaşdyryp, hersiniň etmeli işlerini belledim.


Seniň şalygyňyň şanly şöwketini, gudratly işleriňi ynsanlara bildirmek üçin, olar Seniň şalygyňyň şöhratyny aýdarlar, Seniň gudratyňdan gürrüň bererler.


Seniň bolelin ýagşylygyň dabarasyny beýan ederler, Seniň dogrulygyň barada nagma aýdarlar.


Ýazyklaryny ýaşyran üstünlik gazanmaz, olary boýun alyp terk etse, merhemet tapar.


Sen Öz halkyňy, ýagny Ýakubyň neslini terk etdiň. Olar gündogaryň palçylaryndan, piliştlileriňki ýaly müneçjimlerden doly, keseki halk bilen el berişýärler olar.


Ýa Reb, biz öz pisligimizi, ata-babalarymyzyň ýazygyny boýun alýarys. Çünki biz Saňa garşy günä etdik.


Emma sen öz ýazygyňy boýun al: öz Hudaýyň Rebbiň garşysyna baş galdyrdyň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda keseki hudaýlara köňül berdiň, Maňa gulak asmadyň. Muny Reb aýdýandyr.


Men dileg edip, öz günämi we halkym Ysraýylyň günäsini boýun alyp, Hudaýymyň mukaddes dagy üçin Hudaýym Rebbiň huzurynda nalyşlarymy aýan edip durdum.


Olar nikasyz çagalar dogrup, Rebbe biwepalyk etdiler. Täze Aý baýramy olary ekin meýdanlary bilen ýuwudar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan