Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 9:13 - Mukaddes Kitap

13 Sen Sinaý dagynyň depesine inip, gökden olar bilen gürleşdiň. Olara dogry hökümler, hak kanunlar, oňat parzlar hem tabşyryklar berdiň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 Сен Синай дагының депесине инип, гөкден олар билен гүрлешдиң. Олара догры хөкүмлер, хак канунлар, оңат парзлар хем табшырыклар бердиң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 9:13
27 Iomraidhean Croise  

Rebbiň siziň üçin ýazan tabşyryklaryny, kanunyny, hökümlerini we parzlaryny seresaplyk bilen berjaý ediň. Siz keseki hudaýlara sežde etmäň.


Edermeniň ýiti oklary, ojaryň ýandyryjy közleri!


Musa şeýle diýdi: «Rebbiň buýrugy şudur: ertir dynç alyş güni, bu Rebbe bagyş edilen mukaddes Sabat günüdir. Bişirjek zatlaryňyzy bişirip, gaýnatjak zatlaryňyzy gaýnadyň. Artan zatlaryňyzyň hemmesini ertir daňdana alyp goýuň».


Birigün taýýar bolsunlar. Sebäbi birigün Men ähli adamlaryň gözüniň alnynda aşak Sinaý dagyna injek.


Onsoň Hudaý ähli şu sözleri diýdi:


Reb Musa diýdi: «Şuny ysraýyllara ýetir: „Meniň siziň bilen Gökden gepleşenimi özüňiz gördüňiz.


Gökleri ýaryp, aşak insediň, Sen! Öňüňde titreşsedi daglar!


Garaşylmaýan gorkunç işleri edeniňde, ýer ýüzüne indiň, öňüňde daglar titreşdi.


Hudaý Teýmandan, Mukaddes Bolan Paran dagyndan geldi. Sela Onuň şöhraty gökleri gaplady, ýer ýüzi Oňa bolan öwgülerden doldy.


Eger men ýigrenýän zadymy edýän bolsam, onda bu Kanunyň oňatdygy bilen ylalaşýaryn.


Ol şeýle diýdi: «Reb Sinaý dagyndan geldi, halkyna Segirden dogdy, Paran dagyndan nur saçdy. Ýanynda on müňlerçe perişde bardy, sag elinde lowlaýan ot bardy.


Siziň ýaly oduň içinden seslenen Hudaýyň sesini eşidip, diri galan halk başga-da barmyka?


Ol sizi terbiýelemek üçin, asmandan size Öz sesini eşitdirdi. Ýerde Ol size beýik ot görkezdi. Siz oduň içinden Onuň sesini eşitdiňiz.


Häzir meniň size öwredýän bu tutuş Kanunym ýaly adalatly parzlarydyr hökümleri bolan başga beýik millet barmyka?


Reb dagda ot içinden siziň bilen ýüzbe-ýüz durup gepleşdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan