Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 9:10 - Mukaddes Kitap

10 Faraonyň garşysyna, onuň ähli hyzmatkärleriniň we onuň ýurdunyň ähli ilatynyň garşysyna alamatlar, gudratlar görkezdiň. Çünki Sen olaryň biziň atalarymyza garşy tekepbirlik bilen hereket edendiklerini bilýärdiň. Sen Özüňe şu günlere çenli öçmejek şöhratly at gazandyň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Фараоның гаршысына, онуң әхли хызматкәрлериниң ве онуң юрдуның әхли илатының гаршысына аламатлар, гудратлар гөркездиң. Чүнки Сен оларың бизиң аталарымыза гаршы текепбирлик билен херекет эдендиклерини билйәрдиң. Сен Өзүңе шу гүнлере ченли өчмеҗек шөхратлы ат газандың.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 9:10
32 Iomraidhean Croise  

Emma ata-babalarymyz tekepbirlik hem boýnuýogynlyk etdiler, Seniň tabşyryklaryňa gulak asmadylar.


Sen olara Öz kanunyňa tarap öwrülmeklerini duýdurdyň. Emma olar şonda-da tekepbirlik edip, Seniň tabşyryklaryňa boýun egmediler; hökümleriňi berjaý etseler, ýaşajakdyklaryny bilseler-de, hökümleriňi ret etdiler. Olar gerişlerini ýükden sowup, boýnuýogynlyk etdiler, diňlemediler.


Indi men Rebbiň beýleki ähli hudaýlardan beýikdigini bilýärin, sebäbi Ol ysraýyllary tekepbirlik bilen ezýän müsürlileriň elinden halas etdi» diýdi.


Şonuň üçin hem, Men Müsüre göz görkezerin we onuň içinde etjek ähli geň gudratlarym bilen olaryň temmisini bererin. Şondan soň patyşa sizi goýberer.


Emma faraon: «Kimmiş Ol Reb, Onuň sözüne gulak asyp, men ysraýyllary goýberer ýaly? Men Rebbi bilmeýärin, ysraýyllaryň gitmegine ýol berjek däl» diýdi.


Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Faraonyň öňünde Men seni Hudaý ýaly edýärin we doganyň Harun bolsa seniň pygamberiň ýaly bolar.


Emma Men size Öz güýjümi görkezip, adymy tutuş dünýä jar etmek maksady bilen sizi diri saklap ýörün.


Ol köp zatlary görýär, emma üns bermeýär, gulaklary açyk, ýöne eşitmeýär.


Gudratly goluny Musanyň sagynda ýöreden, Özüne ebedi at edinmek üçin öňlerindäki suwy bölen nirede?


Derä inýän mal sürüsi dek, Rebbiň Ruhy olara rahatlyk berdi. Özüňe şöhratly at edinmek üçin halkyňa, ine, şeýle ýol görkezdiň.


Sen Müsür ýurdunda alamatlar, mugjyzalar görkezdiň. Bu alamatlary Ysraýylda we tutuş adamzat arasynda hem görkezip, şu güne çenli Özüňe at gazandyň.


Ýöne olaryň arasynda ýaşaýan milletleriň gözüniň alnynda adyma ysnat getirmezlik üçin, Öz adymyň hatyrasyna hereket etdim. Men ol milletleriň gözüniň alnynda ysraýyl halkyny Müsürden çykarmak bilen, Özümi olara aýan etdim.


Gaýtam, özüňi gögüň Taňrysyna garşy goýup, tekepbirlik etdiň. Onuň ybadathanasynyň gap-gaçlaryny seniň huzuryňa getirdiler. Seniň özüň, töreleriň, aýallaryň we gyrnaklaryň olara şerap guýup içdiňiz. Görmeýän, eşitmeýän we bilmeýän, kümüşden, altyndan, bürünçden, demirden, agaçdan, daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladyňyz. Emma janyňyzy Öz elinde saklaýan we ähli ýollaryňyza göz-gulak bolýan Hudaýy şöhratlandyrmadyňyz.


Eý, Taňry Hudaýymyz, Sen Öz halkyňy gudratly goluň bilen Müsürden çykardyň. Bu günki ýaly Öz adyňy-da şöhratlandyrdyň! Biz bolsa günä gazandyk, erbetlik etdik.


Musa ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykdy. Ol Müsürde, Gyzyl deňizde we çölde kyrk ýyllap mugjyzalar, gudratlar hem alamatlar görkezdi.


Hudaý Mukaddes Ýazgylarda Müsüriň faraonyna: «Men Öz güýjümi sende görkezip, adymy tutuş dünýä jar etmek maksady bilen seni patyşa etdim» diýip aýdypdy.


Hudaýyňyz Rebbiň Müsürde gözüňiziň alnynda siziň üçin eden işleri ýaly iş edip, başga haýsy hudaý özi üçin bir halky bela-beterler, alamatlar, mugjyza, uruş, güýç-gudrat, äpet elhençlikler bilen başga halkyň arasyndan alyp çykdy?


Öz gözüňiz bilen gören beýik synaglary, alamatlary, mugjyzalary, güýç-gudraty bilen Hudaýyňyz Reb sizi Müsürden çykaryp getirdi. Hudaýyňyz Reb siziň gorkýan halklaryňyzyň hemmesini-de şeýle eder.


Eý, ýaşlar, siz hem ýaşululara tabyn boluň. Hemmäňiz biri-biriňiz bilen pespäl boluň, sebäbi «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan