Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 9:1 - Mukaddes Kitap

1 Ýedinji aýyň ýigrimi dördüne ysraýyl halky agyz beklemäge ýygnanyşdy. Olar jul geýnip, başlaryndan gum sowrupdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Единҗи айың йигрими дөрдүне ысрайыл халкы агыз беклемәге йыгнанышды. Олар җул гейнип, башларындан гум соврупды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 9:1
22 Iomraidhean Croise  

Üçünji gün diýlende Şawulyň düşelgesinden ýakasyny ýyrtyp, başyndan gum sowran bir adam Dawudyň ýanyna geldi. Ol Dawudyň öňünde ýere ýüzin düşüp tagzym etdi.


Ýehoşapat gorkup, Rebbi agtarmagy ýüregine düwdi. Ol bütin Ýahudada agyz beklemekligi yglan etdi.


Süleýman ýedinji aýyň ýigrimi üçüne halky öýli-öýüne ugratdy. Olar Rebbiň Dawuda, Süleýmana we halky Ysraýyla görkezen ähli ýagşylyklary üçin şatlanyp, göwnühoşlukda öýli-öýlerine gaýtdylar.


Hudaýymyzyň öňünde özümizi peseldip, ýolda bizi, balalarymyzy we ähli emlägimizi goramagyny Ondan diläp, Ahawa derýasynyň boýunda agyz beklemegi yglan etdim.


Şeýdip, biz agyz bekläp, Hudaýymyzdan bizi goramagyny dileg edip ýalbardyk. Ol hem biziň dilegimizi eşitdi.


Şeýdip, ýedinji aýyň birinji güni Ezra Töwradyny halkyň öňüne getirdi. Diňläp, erkeklerdir aýallaryň we beýleki düşünip biljekleriň hemmesi ol ýerdedi.


«Bar, Suzadaky ähli ýahudylary ýygna, meniň üçin agyz bekläň, üç gije-gündizläp iýmäň, içmäň. Men we meniň kenizlerim-de siz ýaly agyz bekläris. Şondan soň kanundan çykýan hem bolsam, patyşanyň ýanyna giderin. Goý, ölsem öleýin».


Patyşanyň tabşyrygyny we permanyny eşiden ähli welaýatlardaky ýahudylar agyz bekläp, aglaşyp, dady-perýat bilen uly ýas tutdular. Olaryň köpüsi jul geýnip, kül üstünde oturdylar.


Olar Eýýuby uzakdan görüp, ony tanamadylar. Onuň dostlary ses edip aglaşdylar, ýakalaryny ýyrtyp, başlaryndan kül sowurdylar.


Şol gün Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb ýas baglamaga çagyrdy sizi, saçlaryňyzy ütüp, jul geýinmäge çagyrdy.


Reb heniz şuny aýdýandyr: «Agyz bekläp, aglap, ýas tutup, tutuş ýüregiňiz bilen Maňa öwrüliň.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Şu ýedinji aýyň on bäşinden başlap, ýedi günüň dowamynda Rebbiň hormatyna Çatma baýramy geçirilsin.


Ýedinji aýyň on bäşinji güni, siz ýerleriňiziň hasylyny ýygnanyňyzda, ýedi günläp Rebbiň hormatyna baýram ediň. Birinji we sekizinji günleri doly dynç alyň, işlemäň.


Ýeşuwa we Ysraýylyň ýaşululary ýakalaryny ýyrtyp, özlerini ýüzinligine ýere oklap, başlaryndan gum sowrup, Rebbiň Äht sandygynyň öňünde tä agşama çenli ýas tutup ýatdylar.


Men iki şaýadymy ibererin. Olar hem jul geýnip, bir müň iki ýüz altmyş günläp pygamberlik ederler.


Şonda ähli ysraýyllar tutuş halk bolup, Beýtele bardylar. Olar oturyp, Rebbiň huzurynda agladylar we şol gün agşama çenli agyz beklediler. Mal soýup, Rebbe ýakma hem-de salamatlyk gurbanlygyny berdiler.


Benýaminlerden biri gaçyp, söweş meýdanyndan çykdy we şol günüň özünde Şilo geldi. Ol ýakasyny ýyrtyp, başyndan gum sowrupdy.


Olar Mispada ýygnanyşdylar. Olar guýudan suw çekip, ony Rebbiň huzurynda ýere döküp: «Biz Rebbiň öňünde günä gazandyk» diýip, şol gün agyz beklediler. Şeýdip, Şamuwel Mispada ysraýyllara serdar boldy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan