Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 8:9 - Mukaddes Kitap

9 Kanunyň sözlerini eşidende, halk aglady. Onsoň häkim Nehemýa, ruhany hem mürze Ezra we kanuny düşündirýän lewiler halka ýüzlenip, şeýle diýdiler: «Bu gün Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes gündür. Şonuň üçin ýas tutup aglaşmaň!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Кануның сөзлерини эшиденде, халк аглады. Онсоң хәким Нехемя, руханы хем мүрзе Эзра ве кануны дүшүндирйән левилер халка йүзленип, шейле дийдилер: «Бу гүн Худайыңыз Реб үчин мукаддес гүндүр. Шонуң үчин яс тутуп аглашмаң!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 8:9
30 Iomraidhean Croise  

Patyşa Töwradyň sözlerini eşidip, ýakasyny ýyrtdy.


„Meniň bu ýurdy weýran edip, onuň ýaşaýjylaryny näletlemek baradaky sözlerimi eşideniňde, seniň ýüregiň ýumşady. Özüňi Rebbiň huzurynda peseltdiň, ýakaňy ýyrtyp, öňümde dady-perýat etdiň. Şonuň üçin Men seniň dilegiňi eşitdim. Muny Men-Reb aýdýandyryn.


Uzak wagtlap Ysraýyl hak Hudaýsyz ýaşapdy; tälim berýän ruhany-da, kanun-da bolmandy.


Hizkiýa Rebbiň hyzmatynda ussatlyk görkezen lewileri ruhlandyrdy. Şeýdip, olar salamatlyk gurbanlygyny berip, atalarynyň Hudaýy Rebbe şükürler aýdyp, ýedi günläp baýramçylyk iýmitlerini iýdiler.


Patyşa Töwradyň sözlerini eşidende, ýakasyny ýyrtdy.


«Baryň-da, meniň üçin Ysraýylda hem Ýahudada galanlar üçin bu tapylan kitapdaky aýdylýan sözler barada Rebden soraň, çünki Rebbiň bize garşy lowlaýan gazaby gaty güýçlüdir. Biziň atalarymyz bu kitapda ýazylan ähli sözlere görä Rebbiň sözüni berjaý etmediler».


Ýoşyýa Reb üçin bagyş edilip, bütin ysraýyl halkyna tälim beren lewilere şeýle diýdi: «Mukaddes sandygy Ysraýyl patyşasy Dawudyň ogly Süleýmanyň guran öýünde goýuň. Mundan beýläk ony gerşiňizde götermekligiň geregi ýokdur. Indi Hudaýyňyz Rebbe we Onuň halky Ysraýyla hyzmat ediň.


Häkim olara Urymy we Tummymy ulanyp bilýän ruhany tapylýança, iň mukaddes nahardan iýmezligi tabşyrdy.


Artakserks patyşanyň Rebbiň tabşyryklaryndan we Onuň ysraýyl halkyna beren parzlaryndan oňat baş çykarýan ruhanysy, Ezra mürzä ýazan hatynyň nusgasy şeýledir:


Möhürli hata ady ýazylanlar: Hakalýanyň ogly häkim Nehemýa, Sidkiýa,


Bu adamlar Ýosadagyň agtygy Ýeşuwanyň ogly Ýoýakymyň hem-de häkim Nehemýanyň, şeýle-de ruhany, mürze Ezranyň döwründe ýaşadylar.


Häkim olara Urymy we Tummymy ulanyp bilýän ruhany tapylýança, iň mukaddes nahardan iýmezligi tabşyrdy.


Käbir urugbaşylar iş üçin peşgeşler berdiler. Häkim hazyna ýigrimi gadak töweregi altyn, elli legen, bäş ýüz otuz laý ruhany eşigini berdi.


Şeýdip, ýedinji aýyň birinji güni Ezra Töwradyny halkyň öňüne getirdi. Diňläp, erkeklerdir aýallaryň we beýleki düşünip biljekleriň hemmesi ol ýerdedi.


Aglamagyň öz wagty bar, gülmegiň öz wagty; ýas tutmagyň öz wagty bar, tans etmegiň öz wagty.


Sionda ýas tutýanlaryň aladasyny etmäge: külüň deregine owadan başatgyjyny, ýasyň deregine şatlyk ýagyny, gamgyn ruhuň deregine alkyş donuny bermäge iberdi meni. Rebbiň şöhratyny görkezmek üçin ekilen dogrulyk dub agaçlary diýler olara.


Meniň halkym bilimsizlikden weýran edilýär. Sen bilimi ret edeniňden soň, Men seni Maňa ruhany bolmakdan ret edýärin. Sen Hudaýyň kanunyny unudanyňdan soň, Men-de seniň çagalaryňy unudaryn.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Ýedinji aýyň birinji güni siziň üçin doly dynçlyk günüdir. Şol gün surnaýlar çalnyp ýatlanýan mukaddes ýygnanyşyk günüdir.


Ine, başga-da bir eden işiňiz bar: siz Rebbiň gurbanlyk sypasyny gözýaşlar bilen, möňňürip, ahy-nala bilen doldurýarsyňyz, sebäbi Reb indi siziň getiren sadakalaryňyza seretmeýär, olary eliňizden hoşallyk bilen kabul etmeýär.


Şeýlelikde, Musanyň Kanunynyň parzlaryny berjaý etmek arkaly Hudaýyň huzurynda hiç kim aklanyp bilmez. Tersine, bu Kanun arkaly adam özüniň günälidigine göz ýetirýär.


Men Kanun berilmänkä diridim. Emma Kanun berlenden soň günä janlandy-da,


Siz ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz bilen Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyp baýram ediň. Bu baýramçylyga araňyzda ýaşaýan lewileri hem çagyryň, sebäbi olaryň ýer paýy ýa mülki ýokdur.


Ol ýerde siz Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda öz hojalygyňyz bilen bilelikde iýip-içip, Hudaýyňyz Rebbiň siziň ähli işleriňize bereket bereni üçin şatlanyň.


Siziň özüňiz, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, galalaryňyzda ýaşaýan lewiler, şeýle hem araňyzdaky gelmişekler, ýetimler we dullar Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde şatlansynlar.


Men ýas tutýan wagtym mukaddes paýyňdan iýmedim. Murdar wagtym men ondan hiç zat paýlamadym. Men ondan hiç zady ölä hödür etmedim. Edil maňa buýruşyň ýaly edip, Hudaýym Reb, Saňa boýun egdim.


Gama batyň, ýas tutup aglaň! Gülküňiz ýasa, şatlygyňyz gam-gussa öwrülsin.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan