Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 8:8 - Mukaddes Kitap

8 Olar kitapdan, Hudaýyň kanunyndan jikme-jik okap, onuň manysyny halka düşündirdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Олар китапдан, Худайың канунындан җикме-җик окап, онуң манысыны халка дүшүндирдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 8:8
16 Iomraidhean Croise  

Ýoşyýa patyşa bütin ýahuda halky, bütin Iýerusalim ilaty, ruhanylar, pygamberler, uludan-kiçä bütin halk bilen Rebbiň öýüne gitdi. Patyşa Rebbiň öýünden tapylan Äht kitabyndaky sözleri olara sesli okap berdi.


«Siziň bize ýollan hatyňyzyň terjimesi meniň huzurymda okaldy.


Onsoň bütin halk iýip-içip, özlerinde bar zatlaryny başgalar bilen paýlaşyp, uly şagalaň etmäge gitdiler. Çünki olar okalyp berlen sözlere düşünipdiler.


Soňra olar ýerlerinden turup, hersi öz ýerinde durdular. Lewiler: Ýeşuwa, Bany, Şerebýa, Ýamyn, Akup, Şabetaý, Hodyýa, Magaseýa, Kelita, Azarýa, Ýozabat, Hanan, Pelaýa dagy halka kanuny düşündirdiler.


Kanunyň sözlerini eşidende, halk aglady. Onsoň häkim Nehemýa, ruhany hem mürze Ezra we kanuny düşündirýän lewiler halka ýüzlenip, şeýle diýdiler: «Bu gün Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes gündür. Şonuň üçin ýas tutup aglaşmaň!


Duran ýerlerinden ör turup, günüň dörtden bir bölegini öz Hudaýy Rebbiň Töwradyny okap geçirdiler we beýleki dörtden birinde bolsa günälerini boýun alyp, öz Hudaýy Rebbe sežde etdiler.


Girenlerinde, hökümdar olaryň ortasynda bolmalydyr we olar bilen bile girmelidir; çykanlarynda-da bile çykmalydyr.


Reb maňa şeýle jogap berdi: «Aýanlygy ýaz, habarçy bir nazarda okar ýaly, ony düşnükli hem aýdyň edip ýaz.


Onsoň Ol Musa bilen ähli pygamberlerden başlap, hemme Mukaddes Ýazgylarda Özi hakda aýdylanlary olara düşündirdi.


Olar biri-birlerine: «Ýolda biziň bilen gepleşip gelýärkä, bize Mukaddes Ýazgylary düşündirýärkä, içimizde ýüregimiz ýanmaýarmydy diýsene?» diýişdiler.


Onsoň Mukaddes Ýazgylara düşünmekleri üçin, olaryň aňlaryny açdy.


Şeýlelikde, olar Pawlus bilen duşuşyk gününi belleşdiler. Şol gün onuň bolýan ýerine juda köp adam geldi. Pawlus ertirden agşama çenli olara Hudaýyň Şalygyny düşündirip, wagyz etdi. Mundan başga-da olary ynandyryp, Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan Isa dogrusynda ynandyryjy deliller getirdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan