Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 8:7 - Mukaddes Kitap

7 Soňra olar ýerlerinden turup, hersi öz ýerinde durdular. Lewiler: Ýeşuwa, Bany, Şerebýa, Ýamyn, Akup, Şabetaý, Hodyýa, Magaseýa, Kelita, Azarýa, Ýozabat, Hanan, Pelaýa dagy halka kanuny düşündirdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Соңра олар ерлеринден туруп, херси өз еринде дурдулар. Левилер: Ешува, Баны, Шеребя, Ямын, Акуп, Шабетай, Ходыя, Магасея, Келита, Азаря, Ёзабат, Ханан, Пелая дагы халка кануны дүшүндирдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 8:7
27 Iomraidhean Croise  

Onsoň patyşa halka tarap öwrülip, bütin ysraýyl jemagatyna ak pata berdi. Bütin ysraýyl jemagaty dik durdy.


Hizkiýa Rebbiň hyzmatynda ussatlyk görkezen lewileri ruhlandyrdy. Şeýdip, olar salamatlyk gurbanlygyny berip, atalarynyň Hudaýy Rebbe şükürler aýdyp, ýedi günläp baýramçylyk iýmitlerini iýdiler.


Ýoşyýa Reb üçin bagyş edilip, bütin ysraýyl halkyna tälim beren lewilere şeýle diýdi: «Mukaddes sandygy Ysraýyl patyşasy Dawudyň ogly Süleýmanyň guran öýünde goýuň. Mundan beýläk ony gerşiňizde götermekligiň geregi ýokdur. Indi Hudaýyňyz Rebbe we Onuň halky Ysraýyla hyzmat ediň.


Hudaýymyzyň ýalkamagy bilen olar biziň ýanymyza Ysraýylyň çowlugy, Lewiniň agtygy Mahlynyň neslinden bolan Şerebýa atly dana adamy we onuň ogullarydyr garyndaşlaryny – jemi on sekiz adamy getirdiler.


Seraýa, Azarýa, Ýermeýa,


Lewileriň baştutanlaryndan bolan, Hudaýyň öýüniň daşarky işlerine seredýän Şabetaý we Ýozabat.


Derwezebanlar Akup, Talmon we onuň derwezeleri saklaýan doganlary bir ýüz ýetmiş ikidi.


Onuň gapdalyndaky diwar bölegini lewiler dikeltdiler: Banynyň ogly Rehum onuň gapdalyndaky diwary dikeltdi; Kegila etrabynyň ýarysynyň häkimi Haşabýa öz etraby üçin bir diwar bölegini dikeltdi.


Binnuýyň gapdalynda diwaryň öwrülýän ýerinden gorhana uçudynyň gabadynda bolan diwaryň binýat diregini Mispanyň häkimi Ýeşuwanyň ogly Ezer dikeltdi.


Olaryň gapdalynda Benýamin bilen Haşup öz öýleriniň gabadyndaky diwar bölegini dikeltdiler. Olaryň gapdalynda Ananýanyň agtygy, Magaseýanyň ogly Azarýa öz öýüniň ýanyndaky diwar bölegini dikeltdi.


Onsoň bütin halk iýip-içip, özlerinde bar zatlaryny başgalar bilen paýlaşyp, uly şagalaň etmäge gitdiler. Çünki olar okalyp berlen sözlere düşünipdiler.


Mürze Ezra ýörite şu maksat üçin gurlan agaç sekiniň üstünde durdy. Onuň sag gapdalynda Matytýa, Şema, Anaýa, Uryýa, Hilkiýa we Magaseýa, çep gapdalynda bolsa Pedaýa, Mişaýyl, Malkyýa, Haşum, Haşbadana, Zakarýa we Meşullam dagy durdular.


Onsoň Ezra Beýik Hudaý Rebbe alkyş aýtdy. Ähli jemagat elini ýokary galdyryp: «Omyn. Omyn» diýip jogap berdi. Soňra olar ýüzlerini ýere berip, Rebbe sežde etdiler.


Olar kitapdan, Hudaýyň kanunyndan jikme-jik okap, onuň manysyny halka düşündirdiler.


Duran ýerlerinden ör turup, günüň dörtden bir bölegini öz Hudaýy Rebbiň Töwradyny okap geçirdiler we beýleki dörtden birinde bolsa günälerini boýun alyp, öz Hudaýy Rebbe sežde etdiler.


Lewileriň sekisinde Ýeşuwa, Bany, Kadmyýel, Şebanýa, Bunny, Şerebýa, Bany we Kenany dagy durdular. Olar gaty ses bilen Hudaýy Rebbi çagyrdylar.


Meniň Musa arkaly size beren parzlarymy ysraýyl halkyna öwretmelisiňiz».


Ruhanynyň sözleri bilimi goramalydyr. Ol Hökmürowan Rebbiň wekilidir, ynsanlar onuň agzyndan öwüt-ündew gözlemelidir.


Seniň hökümleriňi Ýakuba, Kanunyňy Ysraýyla öwreder. Seniň huzuryňda hoşboý buhur, gurbanlyk sypaňda başbitin ýakma gurbanlygyny ýakar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan