Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 8:6 - Mukaddes Kitap

6 Onsoň Ezra Beýik Hudaý Rebbe alkyş aýtdy. Ähli jemagat elini ýokary galdyryp: «Omyn. Omyn» diýip jogap berdi. Soňra olar ýüzlerini ýere berip, Rebbe sežde etdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Онсоң Эзра Бейик Худай Реббе алкыш айтды. Әхли җемагат элини ёкары галдырып: «Омын. Омын» дийип җогап берди. Соңра олар йүзлерини ере берип, Реббе сежде этдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 8:6
30 Iomraidhean Croise  

Ybram Sodom şasyna şeýle diýdi: «„Ybramy men gurplandyrdym“ diýmeziň ýaly, saňa degişli zatlaryň hiç birini, hatda bir guşajygy ýa-da sapajygy hem almajakdygyma Ýeri-gögi ýaradan Beýik Hudaýyň – Rebbiň adyndan ant içýärin.


Ybraýymyň hyzmatkäri baş egip, Rebbe sežde etdi.


Ysraýyl Hudaýy Rebbe ezelden ebedä çenli alkyşlar bolsun!» Onsoň tutuş halk «Omyn» diýip, Rebbi şöhratlandyrdy.


Soň Dawut tutuş halkyň öňünde Rebbi alkyşlap, şeýle diýdi: «Eý, Atamyz Ysraýyl Hudaýy Reb, Saňa ezelden ebedä çenli alkyş bolsun!


Soň Dawut tutuş halka: «Hudaýyňyz Rebbe alkyş okaň» diýip ýüzlendi. Tutuş halk öz ata-babalarynyň Hudaýy Rebbe alkyş okadylar. Olar baş egip, Rebbe sežde, patyşa-da tagzym etdiler.


Ýehoşapat ýüzüni ýere berip sežde etdi, tutuş ýahuda we Iýerusalim halky-da Rebbiň öňünde ýüzin düşüp, Oňa sežde etdiler.


Indi Ysraýyl Hudaýy Rebbiň güýçli gazaby bizden sowlar ýaly, men Onuň bilen äht edişmegi ýüregime düwdüm.


Hizkiýa patyşa we onuň baştutanlary lewilere Dawudyň we Asaf görgüriň sözleri bilen Rebbe alkyş aýtmagy tabşyrdylar. Olar şatlyk bilen alkyş aýdyp, dyza çöküp ybadat etdiler.


Süleýman şeýle diýdi: «Kakam Dawuda: „Men Öz halkymy Müsürden çykaralym bäri, Maňa ybadat etmäge öý gurmaklary üçin ysraýyl tirelerinden ýekeje şäheri-de saýlamadym. Men ysraýyl halkyma şalyk eder ýaly hiç kimi saýlamadym.


Men donumyň syýyny silkip: «Eger-de kim şu beren sözünden dänse, Hudaý ony edil don syýynyň silkilip boşadylyşy ýaly öýünden, işinden mahrum etsin. Olar ähli zadyndan jyda düşsün» diýdim. Bütin jemagat hem muny makullap: «Omyn!» diýşip, Rebbe alkyş aýtdylar. Halk beren wadasyny ýerine ýetirdi.


Soňra olar ýerlerinden turup, hersi öz ýerinde durdular. Lewiler: Ýeşuwa, Bany, Şerebýa, Ýamyn, Akup, Şabetaý, Hodyýa, Magaseýa, Kelita, Azarýa, Ýozabat, Hanan, Pelaýa dagy halka kanuny düşündirdiler.


Onuň öňüne arz-halymy dökýärin, Onuň öňünde gaýgylarymy beýan edýärin.


Rebbiň adyny mynasyp şöhratlandyryň; şanly mukaddesliginde Oňa siz sežde ediň.


Olar dillerini gylyç kimin ýiteldýär; bigünäni bukudan atmakçy bolup, ajy sözlerini peýkam kimin çeneýär; duýman durka ony atyp, asla gorkmaýar.


Milletlere yglan ediň şan-şöhratyny, ähli halklara – gudratly işlerini.


siz olara: „Bu Rebbe berilýän Pesah gurbanlygydyr. Müsürde Reb müsürlileri öldürende, ysraýyllaryň öýleriniň üstünden sowlup geçdi, biziň janymyzy aman galdyrdy“ diýip jogap beriň». Muňa ysraýyllar başlaryny egip, sežde etdiler.


Adamlar oňa ynandylar. Ysraýyl halkyna Rebbiň nazar salandygyny we olaryň çekýän jebirlerini görendigini eşidenlerinde, olar başlaryny egip sežde etdiler.


Ýermeýa pygamber şeýle diýdi: «Omyn! Aýdanyň gelsin! Goý, Reb Öz ybadathanasynyň gap-gaçlaryny we sürgüne gidenleriň baryny Babyldan bu ýere yzyna getirip, seniň pygamberlik edip aýdan sözleriňi amala aşyrsyn!


Geliň, gökdäki Hudaýa elimizi-de, ýüregimizi-de açalyň.


Rebbiň huzuryndan ot geldi, ot gurbanlyk sypasynyň üstündäki günä gurbanlygyny we ýagy ýakyp, olary küle öwürdi. Bu ahwalaty gören bütin halk gygyryşyp ýüzin ýykyldy.


Isa biraz öňe ýöredi-de, ýere ýüzin düşüp: «Eý, Atam! Mümkin bolsa, bu hasrat käsesini Menden sowa geçsin, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn!» diýip, dileg etdi.


Bizi synaga salma, gaýtam bizi şeýtandan halas et.“


Eger sen Hudaýy öz kalbyňda şöhratlandyrsaň, seniň aýdýan zatlaryňa düşünmeýän adam şükürleriňe nädip «omyn» diýsin? Ol seniň aýdýanlaryňa düşünmeýär ahyryn.


Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Mesih arkaly bizi gökdäki ruhy ýalkanyşlaryň ählisi bilen ýalkady.


Şoňa görä-de, erkekleriň gaharlanman, jedelleşmän, ähli ýerde ellerini galdyryp, päk ýürekden doga-dileg etmeklerini isleýärin.


Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Öz beýik merhemetine görä, Isa Mesihiň ölümden direlmegi arkaly bizi täze durmuşa we ýaşaýyş umydyna gowşurdy.


Tagtyň, ýaşulularyň we dört mahlugyň töweregindäki perişdeleriň ählisi ýüzin düşüp, Hudaýa sežde etdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan