Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 8:3 - Mukaddes Kitap

3 Onsoň ol Suw derwezesiniň öňündäki meýdançada erkekleriň we aýallaryň we beýleki düşünip biljekleriň öňünde ir ertirden günortana çenli ony okady. Bütin halk Töwrady üns berip diňledi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Онсоң ол Сув дервезесиниң өңүндәки мейданчада эркеклериң ве аялларың ве бейлеки дүшүнип билҗеклериң өңүнде ир эртирден гүнортана ченли оны окады. Бүтин халк Төврады үнс берип диңледи.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 8:3
25 Iomraidhean Croise  

Şol gün olar halka Musanyň kitabyny okap berdiler. Kitapdan: «Ammon ýa-da Mowap halky Hudaýyň halkyna asla goşulmaly däldir» diýen ýazgyny tapdylar.


Ähli halk edil bir adam ýaly bolup, Suw derwezesiniň öňündäki meýdança ýygnandy. Onsoň olar ruhany we mürze Ezradan Reb tarapyndan Ysraýyla berlen Musanyň Töwradyny getirmegini soradylar.


Baýramçylygyň birinji gününden ahyrky gününe çenli Ezra her gün Hudaýyň Töwradyndan okady. Olar ýedi günläp baýram etdiler. Sekizlenji gün bolsa buýrulyşy ýaly, mukaddes ýygnak geçirildi.


Mürze Ezra ýörite şu maksat üçin gurlan agaç sekiniň üstünde durdy. Onuň sag gapdalynda Matytýa, Şema, Anaýa, Uryýa, Hilkiýa we Magaseýa, çep gapdalynda bolsa Pedaýa, Mişaýyl, Malkyýa, Haşum, Haşbadana, Zakarýa we Meşullam dagy durdular.


Ezra bütin halkyň gözüniň alnynda kitaby açdy. Ol hemmeden ýokarda durdy. Ol kitaby açanda, bütin halk ör turdy.


Dawudyň özi Mesihe Reb diýýän bolsa, Ol nähili Dawudyň ogly bolýar?» Uly mähelle Ony hezil edip diňleýärdi.


Emma munuň ýoluny tapyp bilmeýärdiler, sebäbi ähli halk Ony uly üns bilen diňleýärdi.


Şonuň üçin hem nähili diňleýändigiňize üns beriň. Kimde bar bolsa, oňa ýene berler, ýöne kimde ýok bolsa, özüniňki hasap edýän zady hem elinden alnar».


Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan okalandan soň, sinagoganyň baştutanlary: «Doganlar, halka näme öwüt-nesihatyňyz bar bolsa aýdyň, baş üstüne!» diýip, olary çagyrtdylar.


Iýerusalimiň ilaty we olaryň ýolbaşçylary Isany tanaman, Ony ölüme höküm etdiler. Şeýdip, olar öňki pygamberleriň aýdanlaryny ýerine ýetirdiler. Şeýdip, olar Sabat güni okalýan pygamberleriň sözleri boýunça hereket etdiler.


Çünki Musanyň kanuny gadym döwürden bäri her bir şäherde wagyz edilýär, her Sabat güni sinagogalarda okalýar».


Bizi diňläp oturanlaryň arasynda Lidiýa atly bir söwdagär aýal hem bardy. Ol Tiýatira şäherinden bolup, gyrmyzy parçalar satýardy. Bu aýal Hudaýa sežde edýärdi. Pawlusyň sözlerine gulak asmak üçin, Reb onuň ýüregini açdy.


Beriýadaky ýahudylaryň gözýetimi Salonikidäki ýahudylaryňka garanda has giňdi. Olar Isa hakyndaky habary göwünjeňlik bilen kabul edip, Pawlusyň aýdanlarynyň hakykatdygyny görmek üçin, Mukaddes Ýazgylary her gün seljerýärdiler.


Onsoň ýene ýokary çykdy, bile çörek iýdi we olar bilen daň atýança söhbet etdi. Soňra bolsa ýola düşdi.


Hepdäniň birinji güni bile çörek iýmäge ýygnanyşdyk. Pawlus ertesi gün ýola düşmekçidi, şonuň üçin ýarygijä çenli wagyz etdi.


Şeýlelikde, olar Pawlus bilen duşuşyk gününi belleşdiler. Şol gün onuň bolýan ýerine juda köp adam geldi. Pawlus ertirden agşama çenli olara Hudaýyň Şalygyny düşündirip, wagyz etdi. Mundan başga-da olary ynandyryp, Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan Isa dogrusynda ynandyryjy deliller getirdi.


Soňra Musa şu Kanuny ýazyp, ony Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewi ruhanylaryna we Ysraýylyň ähli ýaşulularyna berdi.


Siz Hudaýyň Hoş Habaryny bizden eşidip kabul edeniňizde, muny ynsan habary hökmünde däl, eýsem, hakykatdan-da, Hudaýyňky diýip kabul etdiňiz. Siz imanlylara täsir edýän-de bu Habardyr. Şoňa görä-de, biz siziň üçin Hudaýa dyngysyz şükürler edýäris.


Tutuş Ysraýyl jemagatynyň, aýallaryň, çagalaryň we olaryň arasyndaky gelmişekleriň öňünde Ýeşuwa Musanyň ähli buýruklaryny ýeke söz hem galdyrman okady.


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin!“»


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin!“»


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan