Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 8:17 - Mukaddes Kitap

17 Ýesirlikden gaýdyp gelenleriň ählisi çatma dikip, onda wagtlaýyn boldular. Çünki Nunuň ogly Ýeşuwanyň döwründen tä şol güne çenli ysraýyl halky beýle zat etmändi. Olar şeýle uly şady-horramlyk etdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

17 Есирликден гайдып геленлериң әхлиси чатма дикип, онда вагтлайын болдулар. Чүнки Нунуң оглы Ешуваның дөврүнден тә шол гүне ченли ысрайыл халкы бейле зат этмәнди. Олар шейле улы шады-хоррамлык этдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 8:17
13 Iomraidhean Croise  

Olar şol gün Rebbiň öňünde uly şatlyk-şagalaň bilen iýip-içdiler. Dawudyň ogly Süleýmany ikilenç patyşa etdiler. Ony Rebbe hökümdarlyga, Sadogy hem ruhanylyga belledi.


Iýerusalimde uly şatlyk boldy, çünki Ysraýyl patyşasy Dawudyň ogly Süleýmanyň döwründen bäri Iýerusalimde beýle baýram bolmandy.


Şamuwel pygamberiň döwründen bäri beýle Pesah baýramy geçirilmändi. Ýoşyýanyň, ruhanylaryň, lewileriň, bu ýerde bolan ähli ýahuda we ysraýyl halklarynyň, we Iýerusalimiň ilatynyň geçiren bu Pesah baýramy ýaly Pesahy Ysraýylyň patyşalarynyň hiç biri-de geçirmändi.


Ol ýakma gurbanlyklaryny Musanyň tabşyrygy boýunça gündelik borja görä, Sabat günlerinde, Täze Aý baýramlarynda, ýylda üç gezek bolýan Petir, Galla baýramy we Çatma baýramlarynda hödür etdi.


Olar Töwratda ýazylyşy ýaly, Çatma baýramyny bellediler. Düzgüne laýyklykda, her gün üçin berilmeli gündelik ýakma gurbanlyklaryny sanyna görä berdiler.


Söz ynsan bolup, aramyzda ýaşady. Ol merhemetden we hakykatdan doludy. Biz Onuň şöhratyny, ýagny Atadan gelen Ýeke-tägiň şöhratyny gördük.


Rebbiň saýlajak ýerinde ýedi günläp Hudaýyňyz Reb üçin şu baýramy belläň. Çünki Hudaýyňyz Reb siziň hasylyňyza we başlan her bir işiňize bereket berer. Şonuň üçin siz bu baýramda doly şatlanyp bilersiňiz.


Bu adamlaryň hemmesi iň soňky demine çenli Hudaýa iman edip ýaşadylar. Olar wada edilen ýurda gowuşmasalar-da, ol ýeri uzakdan görüp şatlandylar. Özleriniň ýer ýüzünde gelmişek hem ýatdyklaryny boýun aldylar.


Iman arkaly ol Hudaýyň wada beren ýurdunda gelmişek bolup ornaşdy. Yshak bilen Ýakup hem Ybraýym ýaly bu ýat ýurtda çadyrda ýaşadylar, sebäbi olaram Hudaýyň beren şu wadasynyň mirasdarlarydy.


Eger Ýeşuwa olary dynçlyk mekanyna ýetiren bolsady, onda Hudaý mundan soň başga gün barada söz açmazdy.


Reb Özüniň guly Musa ölenden soň, onuň kömekçisi Nun ogly Ýeşuwa şeýle diýdi:


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan