Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 8:16 - Mukaddes Kitap

16 Onsoň adamlar şahalar getirip, her kim öz öýüniň üçeklerinde, howlularynda, Hudaýyň öýüniň howlularynda, Suw derwezesiniň, Efraýym derwezesiniň ýanyndaky meýdançalarda özlerine çatma dikdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

16 Онсоң адамлар шахалар гетирип, хер ким өз өйүниң үчеклеринде, ховлуларында, Худайың өйүниң ховлуларында, Сув дервезесиниң, Эфрайым дервезесиниң янындакы мейданчаларда өзлерине чатма дикдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 8:16
12 Iomraidhean Croise  

Bir gün agşamara Dawut düşeginden turup, köşgüň üçegine çykdy-da, gezim etmäge başlady. Şol wagt suwa düşünip duran bir aýala onuň gözi düşdi. Aýal diýseň görmegeýdi.


Ysraýyl patyşasy Ýehowaş Ahazýanyň agtygy, Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýany Beýtşemeşde tutdy. Onsoň Ýehowaş Iýerusalime gelip, Iýerusalimiň diwarynyň Efraýym derwezesinden Künç derwezesine çenli bolan dört ýüz tirsek aralygyny ýykdy.


Ýehoşapat Rebbiň öýünde, täze howlynyň öňünde Ýahuda we Iýerusalim jemagatynyň öňünde durup, şeýle diýdi:


Manaşa Rebbiň öýüniň iki howlusynda ähli asman jisimleri üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi.


Bulak derwezesiniň ýanynda öňlerindäki Dawut şäherine eltýän basgançaklardan diwaryň uçudyna çykdylar. Dawudyň köşgüniň üstünden gündogara tarap ýöräp, Suw derwezesine geldiler.


Efraýym derwezesiniň üstünden Köne derwezesine, Balyk derwezesine, Hananel diňine, Ýüzler diňine we Goýun derwezesine çenli gidip, Garawul derwezesine ýetip durduk.


Ähli halk edil bir adam ýaly bolup, Suw derwezesiniň öňündäki meýdança ýygnandy. Onsoň olar ruhany we mürze Ezradan Reb tarapyndan Ysraýyla berlen Musanyň Töwradyny getirmegini soradylar.


Onsoň ol Suw derwezesiniň öňündäki meýdançada erkekleriň we aýallaryň we beýleki düşünip biljekleriň öňünde ir ertirden günortana çenli ony okady. Bütin halk Töwrady üns berip diňledi.


Iýerusalimiň öýleri-de, Ýahudanyň patyşalarynyň köşkleri-de Topet ýaly murdar saýylar. Çünki bu öýleriň ählisiniň üçeginde asman jisimlerine ýakymly ysly tütetgiler ýakdylar, başga hudaýlara içgi sadakasyny hödürlediler“».


Bu şäheriň garşysyna söweşýän babyllylar gelip, ony otlarlar. Meniň gaharymy getirip, üçeklerinde Bagal butuna hoşboý ysly tütetgiler ýakan we başga hudaýlara içgi sadakalaryny hödürlän halkymyň öýlerini oda ýakarlar.


Täze jaý gursaňyz, jaýyň üçegi üçin germew tutuň, ýogsam biri ýykylar-da, öýüňizde nähak gan döküler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan