Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 8:12 - Mukaddes Kitap

12 Onsoň bütin halk iýip-içip, özlerinde bar zatlaryny başgalar bilen paýlaşyp, uly şagalaň etmäge gitdiler. Çünki olar okalyp berlen sözlere düşünipdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Онсоң бүтин халк ийип-ичип, өзлеринде бар затларыны башгалар билен пайлашып, улы шагалаң этмәге гитдилер. Чүнки олар окалып берлен сөзлере дүшүнипдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 8:12
25 Iomraidhean Croise  

Olar şol gün Rebbiň öňünde uly şatlyk-şagalaň bilen iýip-içdiler. Dawudyň ogly Süleýmany ikilenç patyşa etdiler. Ony Rebbe hökümdarlyga, Sadogy hem ruhanylyga belledi.


Baryň ýagly et iýiň, süýji şerap içiň. Bişirmäge zady ýoklara paý iberiň, çünki bu gün Rebbimiz üçin mukaddes gündür. Gam çekmäň, çünki Taňrymyzyň eçilýän şatlygy size güýç-kuwwat berer».


Şeýdip, lewiler: «Ümsüm boluň, bu gün mukaddes gündür, gamgyn bolmaň!» diýip, halky köşeşdirdiler.


Ikilenji gün bütin halkyň urugbaşylary, ruhanylardyr lewiler bilen bile mürze Ezranyň ýanyna kanunyň sözlerini öwrenmäge üýşdüler.


Beren tabşyryklaryndan dönmedim, sözlerini kalbymda arzylap sakladym.


Seniň sözleriňi tapyp iýdim. Sözleriň maňa şatlyk, ýüregime begenç berdi. Çünki men Seniň adyň bilen tutuldym, eý, Reb Hökmürowan Hudaý!


Olar biri-birlerine: «Ýolda biziň bilen gepleşip gelýärkä, bize Mukaddes Ýazgylary düşündirýärkä, içimizde ýüregimiz ýanmaýarmydy diýsene?» diýişdiler.


Mende, hawa, ynsan tebigatymda oňat zadyň ýokdugyny anyk bilýärin. Sebäbi oňat işleri etmäge islegim bolsa-da, olary amal etmegi başarmaýaryn.


Ýer ýüzüniň ilaty olaryň bu ýagdaýyna begenişip, baýram eder, biri-birlerine sowgatlar ýollar. Sebäbi bu iki pygamber ýer ýüzünde ýaşaýanlara köp sütem edipdi».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan