Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 8:10 - Mukaddes Kitap

10 Baryň ýagly et iýiň, süýji şerap içiň. Bişirmäge zady ýoklara paý iberiň, çünki bu gün Rebbimiz üçin mukaddes gündür. Gam çekmäň, çünki Taňrymyzyň eçilýän şatlygy size güýç-kuwwat berer».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Барың яглы эт ийиң, сүйҗи шерап ичиң. Биширмәге зады ёклара пай ибериң, чүнки бу гүн Реббимиз үчин мукаддес гүндүр. Гам чекмәң, чүнки Таңрымызың эчилйән шатлыгы сизе гүйч-кувват берер».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 8:10
32 Iomraidhean Croise  

Şundan soň Süleýman halky öýli-öýüne ugratdy. Olar patyşany ýalkap, Rebbiň Öz guly Dawuda, halky ysraýyla görkezen ähli ýagşylyklary üçin şatlanyp, göwnühoşlukda öýli-öýlerine gaýtdylar.


Onuň huzuryndadyr hormat, şan-şöhrat, Onuň mekanyndadyr şatlyk we kuwwat.


Şeýdip, lewiler: «Ümsüm boluň, bu gün mukaddes gündür, gamgyn bolmaň!» diýip, halky köşeşdirdiler.


Onsoň bütin halk iýip-içip, özlerinde bar zatlaryny başgalar bilen paýlaşyp, uly şagalaň etmäge gitdiler. Çünki olar okalyp berlen sözlere düşünipdiler.


Şonuň üçin obalarda ýaşaýan ýahudylar Adar aýynyň on dördünji gününi şatlyk, toý-meýlis, baýram güni hökmünde belläp, şol gün olar biri-birlerine toý paý iberýärler.


Ysraýyl Ýaradanyna şatlansyn! Sion perzentleri Şasyna, goý, begensin!


Hudaýymyz Taňryň merhemeti biz bilen bolsun. Haýyrly et ellerimiziň işini, hawa, ellerimiziň işi haýyrly bolsun!


Şadyýan ýürek oňat şypadyr, synyk ruh süýegiňi guradýandyr.


Emlägiňi ýedi, hatda sekiz kişä paýla, çünki sen bu dünýäde nähili betbagtçylygyň boljakdygyny bilýän dälsiň.


Adama iýip-içmekden we çeken zähmetinden lezzet almakdan başga gowy zat ýok. Emma munuň-da Hudaýdandygyna göz ýetirdim.


Her kesiň iýip-içip, öz bar zähmetinden lezzet almagy Hudaýyň beren sylagydyr.


Şeýle hem Hudaý bir adama baýlyk, mal-mülk berip, oňa bulardan lezzet almaga, takdyryna kaýyl bolup, öz zähmetinden lezzet almaga kuwwat beren bolsa, bu Hudaýyň peşgeşidir.


Git-de, çöregiňi şatlyk bilen iý, şerabyňy göwnühoşluk bilen iç; çünki Hudaý seniň eden işleriňden eýýäm razy boldy.


Eý, ezizim, gelinligim, men bagyma gelýärin; mürüm bilen atyrymy ýygnaýan, bal öýjügimi, balymy iýýän, şerabymy, süýdümi içýän. Iýiň, eý, söýgüli ýarlar! Eý, yşkyň ýesirleri, iýip-içiň, yşkdan mes boluň!


Ýakup neslini Özüne gaýtarmagym üçin, Ysraýyly Onuň öňüne toplamagym üçin, ýatgydakam maňa şekil berip, bendesine öwürdi Reb meni. Men Rebbiň nazarynda hormat gazandym, Hudaýym meniň güýç-gudratym boldy.


Rebde şatlanaryn Men, janym Hudaýymda joşar, çünki Ol meni gutulyş lybasyna besledi, giýewiň täç geýşi dek, gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý, Meni dogrulyk dony bilen örtdi.


Eý, Sion perzentleri, begeniň, Beýik Hudaýyňyzda şatlanyň! Çünki adalat üçin, Ol güýz ýagşyny ýagdyrdy; Ol size bolelin ýagşy eçildi. Ozal bolşy ýaly ýagdyrdy, güýz hem-de ýaz ýagyşlaryny.


Iýerusalimdäki hem-de Ýahudadaky her bir gazan Hökmürowan Rebbe bagyş ediler. Gurbanlyk bermäge gelenler olary gurbanlyk etini bişirmek üçin ulanarlar. Şol günden beýläk Hökmürowan Rebbiň ybadathanasynda ýekeje-de söwdagär bolmaz.


Mätäçlere ýürekden sadaka beriň, şonda hemmesi siziň üçin arassa bolar.


Olar agyr muşakgatlarda synalsa-da, joşgunly şatlykdan dolup-daşýarlar. Garyplygy çenden agyr bolsa-da, sahylyga baýdyrlar.


Eger ynsan güýjüne daýanmaly bolsa, onda bu babatda meniň doly tutarygym bardyr. Eger ýene kimdir biri tene daýanmaga tutarygy bardyr öýtse, meniňki ondan-da köpdür.


Ýer ýüzüniň ilaty olaryň bu ýagdaýyna begenişip, baýram eder, biri-birlerine sowgatlar ýollar. Sebäbi bu iki pygamber ýer ýüzünde ýaşaýanlara köp sütem edipdi».


Öz ýigitleriňden sorasaň aýdarlar. Indi senem meniň ýigitlerim bilen mylakatly bol, çünki biz ýanyňa sähetli güni geldik. Öz gullaryňa hem ogluň Dawuda nämäň bar bolsa bermegiňi towakga edýärin“».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan