Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 7:5 - Mukaddes Kitap

5 Onsoň nesilleri boýunça hasaba almak üçin begleri, baştutanlary we halky üýşürmegi Hudaýym ýüregime saldy. Men ýesirlikden ilkinji dolanyp gelenleriň nesilleri bilen geçirilen ilat ýazuwyny gözläp tapdym. Onda şular ýazylandy:

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Онсоң несиллери боюнча хасаба алмак үчин беглери, баштутанлары ве халкы үйшүрмеги Худайым йүрегиме салды. Мен есирликден илкинҗи доланып геленлериң несиллери билен гечирилен илат язувыны гөзләп тапдым. Онда шулар языланды:

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 7:5
15 Iomraidhean Croise  

Bular öz atlaryny nesil daragty boýunça hasaba alnanlaryň arasyndan gözlediler, emma tapyp bilmediler. Şonuň üçinem olar ruhanylykdan çykaryldylar.


Rebbiň Iýerusalimdäki öýüne şöhrat getirmek üçin patyşanyň kalbyna bu zatlary salan atalarymyzyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun!


Eý, Hudaýym, bu halka eden ähli hyzmatlarym üçin meni ýagşylykda ýatla!


Eý, Hudaýym, Tobyýa bilen Sanballatyň bu eden işlerini unutma, şeýle hem, pygamber aýal Nogadýa bilen meni gorkuzmak islän beýleki pygamberleriň edenlerini hem unutma!


Şäher giň hem uludy, emma onuň içindäki ilat welin azdy, jaýlar salynmandy.


Bular öz ýazgylaryny nesilleri boýunça hasaba alnanlaryň arasyndan gözlediler, emma tapyp bilmediler. Şonuň üçinem olar galp ruhanylar hökmünde ruhanylykdan çykaryldylar.


Çünki danalyk berýän Rebdir, bilim hem düşünje Onuň agzyndan çykýandyr.


Bar işleriňde Ony tana, Ol seniň ýollaryňy dogrular.


Emma men nähili bolsam-da, diňe Hudaýyň merhemeti arkaly şeýle boldum. Onuň maňa eden merhemeti puja çykmady: men hemmelerden-de köp zähmet çekdim. Aslynda muny men däl-de, maňa ýar bolan Hudaýyň merhemeti etdi.


Bu işi öz-özümizden başarýarys diýip aýtmaga hiç esasymyz ýokdur. Bu başarnygy bize Hudaý berýär.


Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Titusyň-da ýüregine size bolan yhlasy saldy.


Şu maksat bilen janymy aýaman zähmet çekýärin, Mesihiň özüme täsir edýän gudratly güýjüne daýanýaryn.


Eziz doganlar, aldanmaň!


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan