Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 7:3 - Mukaddes Kitap

3 Men olara şeýle tabşyryk berdim: «Gün gyzýança, Iýerusalimiň derwezeleri açylmasyn. Gün ýaşan çagy, entek derwezebanlar nobatçylykdan gitmänkäler, gapylary gulplasynlar. Iýerusalimiň ilatyndan garawullar goýuň; olaryň käbiri öz goramaly ýerlerinde we beýlekileri bolsa öz öýleriniň öňünde bolsunlar».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Мен олара шейле табшырык бердим: «Гүн гызянча, Иерусалимиң дервезелери ачылмасын. Гүн яшан чагы, энтек дервезебанлар нобатчылыкдан гитмәнкәлер, гапылары гулпласынлар. Иерусалимиң илатындан гаравуллар гоюң; оларың кәбири өз горамалы ерлеринде ве бейлекилери болса өз өйлериниң өңүнде болсунлар».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 7:3
8 Iomraidhean Croise  

Her Sabat gününiň öňüsyrasy, agşam garaňky gatlyşyberende, men Iýerusalimiň derwezeleriniň ýapylmalydygyny tabşyrdym. Sabat geçýänçä, olar açylmasyn diýip buýruk berdim. Onsoň men Sabat güni içerik ýük girizilmesin diýip, öz hyzmatkärlerimiň birnäçesini derwezede goýdum.


Olaryň gapdalynda Benýamin bilen Haşup öz öýleriniň gabadyndaky diwar bölegini dikeltdiler. Olaryň gapdalynda Ananýanyň agtygy, Magaseýanyň ogly Azarýa öz öýüniň ýanyndaky diwar bölegini dikeltdi.


Onsoň men doganym Hanany bilen galanyň serkerdesi Hananýany Iýerusalime häkim edip belledim. Çünki ol ynamdar adam bolup, köplere garanda, Hudaýdan has gaty gorkýardy.


Şäher giň hem uludy, emma onuň içindäki ilat welin azdy, jaýlar salynmandy.


Rebden gorkýan, Onuň ýollaryndan ýöreýän nähili bagtly!


Ine, Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar kimin ýollaýaryn. Şonuň üçin ýylan ýaly akylly, kepderi kimin sada boluň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan