Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 6:9 - Mukaddes Kitap

9 Çünki olaryň hemmesi bizi gorkuzmak isleýärdiler we: «Elleri işden sowap, iş togtar» diýip pikir edýärdiler. Şonuň üçinem men işi dowam etmek üçin Hudaýdan güýç-kuwwat diledim.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Чүнки оларың хеммеси бизи горкузмак ислейәрдилер ве: «Эллери ишден совап, иш тогтар» дийип пикир эдйәрдилер. Шонуң үчинем мен иши довам этмек үчин Худайдан гүйч-кувват диледим.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 6:9
23 Iomraidhean Croise  

Ýöne siz berk duruň! Ruhdan düşmäň! Eden işleriňiziň hözirini görersiňiz».


Sanheribiň nökerleri bu sözleri diwaryň üstündäki Iýerusalim halkyny gorkuzyp, howsala düşürip, şäheri basyp almak üçin olara ýahuda dilinde gaty ses bilen gygyryp aýtdylar.


Olaryň töweregindäki ýerli ilat bolsa altyn, kümüş gaplar, emläk, mal-garalar, gymmatbaha zatlar we ýene-de ybadathana üçin meýletin sadakalar hem berip, olara ýardam etdi.


Eý, Hudaýym, Tobyýa bilen Sanballatyň bu eden işlerini unutma, şeýle hem, pygamber aýal Nogadýa bilen meni gorkuzmak islän beýleki pygamberleriň edenlerini hem unutma!


Ýöreýşimi, ýatyşymy yzarlaýarsyň, meniň ähli ýollarymy Sen tanaýarsyň.


Men çagyraryn Beýik Hudaýy – men babatda niýetini berjaý edýän Hudaýy.


Goý, Ony şöhratlandyrsyn asman bilen ýer, deňizler we olardaky ähli jandarlar.


Eý, Hudaý, patyşa paý ber adalatyňdan, şa ogluna – Öz dogrulygyňdan.


Ol ejizleri kuwwatlandyrýar, mejalsyzlaryň güýjüni artdyrýar,


Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin.


Munuň üçin ýolbaşçylar patyşa şeýle diýdiler: «Bu adam öldürilsin, sebäbi ol şeýle sözleri aýdyp, bu şäherde aman galan urşujylar bilen ähli halky ruhdan düşürýär. Çünki bu adam bu halka ýagşylyk däl-de, ýamanlyk isleýär».


Babyl patyşasynyň gollaryny güýçlendirip, gylyjymy onuň eline bererin; emma faraonyň gollaryny döwerin. Faraon Babyl patyşasynyň öňünde agyr ýaraly adamyň iňňildeýşi kimin iňňildär.


Olar Men-Rebde kuwwatlanarlar, Meniň adym bilen gezerler, Muny Reb aýdýandyr.


Emma Reb şeýle diýdi: «Saňa beren merhemetim besdir, sebäbi Meniň gudratym ejizlikde kämilleşýändir». Şonuň üçin-de, Isa Mesihiň güýji mende mesgen tutsun diýip, öz ejizliklerim barada höwes bilen magtanaryn.


Goý, Ol çäksiz şan-şöhraty bilen Öz Ruhy arkaly siziň içki barlygyňyzy gudrat bilen güýçlendirsin.


Şunlukda, Rebbiň beýik güýji bilen kuwwatlanyň.


Maňa kuwwat berýän Isa Mesih arkaly ähli zady başarýaryn.


Şonuň üçin ejiz gollara gujur beriň, epilen dyzlara kuwwat beriň!


Bol merhemet eçilýän Hudaý sizi Mesih arkaly Öz ebedi şöhratyna çagyrdy. Siz durmuşda ejir çekýän bolsaňyz hem, Ol sizi dikelder, berkider, güýçlendirer we sarsmaz bina edip gurar.


Dawudyň haly teňdi, çünki halk ony daşlamak isleýärdi. Sebäbi ogul-gyzlarynyň ýesir alnanyna adamlaryň jany ýanýardy. Emma Dawut öz Hudaýy Rebden güýç aldy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan