Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 6:16 - Mukaddes Kitap

16 Biziň duşmanlarymyzyň we töweregimizdäki milletleriň ählisi muny eşidenlerinde, gaty gorkup, muny özlerine kemlik bildiler. Sebäbi olar bu işiň Hudaýymyzyň kömegi bilen edilendigine göz ýetirdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

16 Бизиң душманларымызың ве төверегимиздәки миллетлериң әхлиси муны эшиденлеринде, гаты горкуп, муны өзлерине кемлик билдилер. Себәби олар бу ишиң Худайымызың көмеги билен эдилендигине гөз етирдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 6:16
16 Iomraidhean Croise  

Emma horonly Sanballat we Ammon welaýatynyň wekili Tobyýa bir adamyň ysraýyl halkynyň bähbidini arap gelendigini eşidenlerinde, gahar-gazaba mündüler.


Sanballat biziň diwary örüp ýörenimizi eşidende, gaty gaharlandy. Ol gazap donuny geýip, ýahudylaryň üstünden gülmäge başlady.


Emma Sanballatdyr Tobyýa, araplardyr ammonlar we aşdotlylar Iýerusalim diwarlarynyň gurluşygynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, diwar gädikleriniň bitirilip barýandygyny eşidenlerinde, gaty gaharlandylar.


Mundan başga-da, şol günler Ýahudanyň begleri Tobyýa köp hat ýolladylar. Tobyýanyň hatlary hem olara geldi.


Eklenmek üçin der dökmegiňiz, ir turup, giç ýatmagyňyz puçdur. Hawa, Ol söýýänine hatda ýatyrka-da rysgal berýändir.


Men Rebbe intizar, janym intizar, men Onuň sözüne umyt baglaýan.


Çünki Ol derwezeleriňiň kiltlerini berkidýär, galadaky çagalaryňa ak pata berýär.


Reb olaryň söweş arabalarynyň tigirlerini batga batyrdy, şonuň üçin hem, olara arabalaryny sürmek gaty kyn düşdi. Şonda müsürliler: «Ýörüň, ysraýyllardan gaçalyň, çünki Müsüriň garşysyna olar üçin Reb söweşýär» diýdiler.


Dünýädäki hemme milletler olara etjek ähli ýagşylyklarymy eşiderler. Bu şäher olaryň öňünde Meniň üçin at-abraý, şatlyk, öwgi hem şöhrat bolar. Ähli milletler Iýerusalimiň halkyna eden ýagşylyklarym we eçilen parahatlygym sebäpli gorkup titreşerler“.


Ýakuba hiç bir doga-jady täsir etmez, Ysraýylyň garşysyna täleý garanyň peýdasy ýokdur. Indi bolsa Ysraýyl we Ýakup hakda: „Gör, Hudaýyň eden zatlaryny!“ diýerler.


Indi bu adamlardan el çekiň, olary boşadyp goýberiň, sebäbi bu iş ynsandan bolsa, onda öz-özünden ýok bolup gider.


Bulary eşidenimizde, ýüregimiz bükgüldedi, sizden gorkymyz sebäpli bizde ysgyn-mydar galmady. Siziň Hudaýyňyz Reb gökde hem, ýerde hem Hudaýdyr.


we olara şeýle diýdi: «Rebbiň bu ýurdy size berendigini men bilýärin. Bizi gorky gurşap aldy we bu ýeriň ähli ilaty siz sebäpli dowla düşdi.


Iordan derýasynyň günbataryndaky ähli amor hanlary we deňziň ýakasynda ýaşaýan ähli kengan hanlary ysraýyllar Iordan derýasyndan geçýänçä, Rebbiň ony guradandygyny eşidenlerinde, olaryň ýüregi bükgüldedi. Ysraýyllar sebäpli olarda hiç hili güýç-gurbat galmady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan