1-2 Sanballat, Tobyýa, Geşem arap we beýleki duşmanlarymyz meniň diwary gurup gutardandygymy, onda ýekeje gädigiň hem galmandygyny (derwezeler entek ýerine oturdylmadyk hem bolsa) eşidenlerinde, Sanballat bilen Geşem meniň ýanyma adam iberip: «Gel, Ono düzlügindäki bir obada duşuşaly» diýdiler. Olar maňa kast etmegi ýüreklerine düwüpdiler.
Mundan ozal Hudaýymyzyň öýüniň otaglaryna gözegçi bellenen we Tobyýanyň garyndaşy bolan ruhany Elýaşyp Tobyýa üçin giň bir otag taýynlan eken. Öň şol otagda galla sadakasyny, ýakymly ysly tütetgini, gap-gaçlary tabşyryk boýunça lewilere, aýdymçylara we derwezebanlara berilýän gallanyň, şerabyň, ýagyň ondan birini hem-de ruhanylar üçin gatançlary saklaýan ekenler.
Emma horonly Sanballat, ammon emeldary Tobyýa we Geşem arap dagy muny eşidenlerinde, bizi äsgermezlik edip, biziň üstümizden gülüp: «Bu etjek bolýan zadyňyz näme? Patyşanyň garşysyna pitne turuzmakçy bolýarmysyňyz?» diýdiler.
Onsoň baş ruhany Elýaşyp we onuň ruhany doganlary Goýun derwezesini täzeden gurup, onuň gapylaryny oturtdylar. Onsoň olar diwary Ýüzler diňine we Hananel diňine çenli gurup, ony hem Hudaýa bagyş etdiler.
Hasenanyň ogullary Balyk derwezesini bina etdiler. Olar onuň pürslerini goýup, derwezäniň gapylaryny ýerine oturdyp, nurbatlaryny we kiltlerini dakdylar.
Paseýanyň ogly Ýoýada bilen Besodýanyň ogly Meşullam Köne derwezäni dikeltdi. Olar pürsleri goýup, derwezäniň gapylaryny ýerine oturdyp, onuň nurbatlaryny we kiltlerini dakdylar.
Şuny bilip goý we düşün: Iýerusalimi täzeden dikeltmek üçin çykan buýrukdan tä seçip-saýlanjak hökümdaryň döwrüne çenli ýedi ýediýyllyk geçer. Altmyş iki ýediýyllygyň içinde Iýerusalimde meýdançalar we garymlar ýene-de täzeden gurlar. Emma bu hem muşakgatly zamanda bolar.