Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 5:9 - Mukaddes Kitap

9 Onsoň men: «Siziň bu edýän işiňiz gowy däl. Bize duşman bolan milletleriň gyjalatyndan gutulmak üçin, Hudaýymyzyň gorkusynda gezmeli dälmisiňiz?» diýdim.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Онсоң мен: «Сизиң бу эдйән ишиңиз говы дәл. Бизе душман болан миллетлериң гыҗалатындан гутулмак үчин, Худайымызың горкусында гезмели дәлмисиңиз?» дийдим.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 5:9
21 Iomraidhean Croise  

Ybraýym oňa şeýle jogap berdi: «Bu ýerde Hudaýdan gorkýan ýokdur öýtdüm we aýalym sebäpli özümi öldürerler diýip pikir etdim.


Üçülenji gün Ýusup olara şeýle diýdi: «Eger meniň diýenimi etseňiz, onda diri galarsyňyz, çünki men Hudaýdan gorkýaryn.


Ýöne bu işi etmek bilen, sen Rebbi doly äsgermezlik etdiň, şol sebäpli senden doguljak çaga öler» diýdi.


Eý, Hudaýymyz, olaryň bizi nähili masgaralaýandyklaryny eşit! Bize atýan myjabatlaryny öz başlaryndan inderip, olary ýat ülkede, ýesirlikde talaňa ber!


Munuň üstesine-de, men, meniň doganlarym we meniň hyzmatkärlerim hem olara pul we galla karz berýäris. Geliň, şu göterimine zat bermegi bes edeliň.


Menden öňki bolan häkimler welin halkyň boýnuna agyr ýük bolup, olar ilatdan bir gadak kümüşden daşary azyk, şerap alýan ekenler. Olaryň hatda hyzmatkärleri-de halkyň üstünden höküm sürýän ekenler. Emma men Hudaýdan gorkýandygym üçin beýle iş etmedim.


Seni ähli ýollaryňda goramak üçin, perişdelerine sen babatda Ol emr eder.


Zulum edýän ýakynyny aldap, ýaman ýola salýar.


Ýazyksyza jerime salmak nädürsdir, asylzada-da dogruçyllygy üçin jeza bermek dürs däldir.


Hökümde erbediň tarapynda bolup, dogruçyly haksyz çykarmak dürs däldir.


Bilimsiz gaýrat ýagşy däldir, Aşa howlugýan ýoluny ýitirýär.


Şular hem akyldarlaryň sözleridir: Hökümde tarapgöýlik etmek ýagşy däldir.


Olar milletleriň arasynda, her bir baran ýerlerinde Meniň mukaddes adyma ysnat getirdiler. Olar hakda „Bular Rebbiň halky dälmi näme? Onda näme üçin olar Onuň ýurdundan çykaryldylar?“ diýildi.


Ondan göterim alyp, peýda görjek bolma. Hudaýyňyzdan gork. Goý, olar siziň araňyzda ýaşasyn.


Bütin Ýahudyýadaky, Jeliledäki we Samariýadaky ýygnaklarda parahatlyk höküm sürüp, imanlylar barha güýçlenýärdi. Olar Rebden gorkup, Mukaddes Ruhuň ýardamy bilen günsaýyn köpelýärdi.


Şoňa görä-de, Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaýyň ady başga milletleriň arasynda siz zerarly harlanýar» diýlip ýazylandyr.


Şonuň üçin-de, men ýaş dul aýallaryň durmuşa çykyp, çaga dogurmaklaryny we öý işlerine gümra bolmaklaryny ündeýärin. Şonda duşmanlarymyzyň olara myjabat atmaga tutarygy bolmaz.


Imansyzlaryň arasynda hiç hili müýnsüz ýaşaň. Şonda olar sizi nädogry iş etmekde aýyplasalar-da, dogry işleriňizi görüp, Hudaýyň geljek güni Ony şöhratlandyrarlar.


Beýtmäňiz bolanok, ogullarym! Rebbiň halkyndan meniň eşidýän habarym gowy däl.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan