Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 5:15 - Mukaddes Kitap

15 Menden öňki bolan häkimler welin halkyň boýnuna agyr ýük bolup, olar ilatdan bir gadak kümüşden daşary azyk, şerap alýan ekenler. Olaryň hatda hyzmatkärleri-de halkyň üstünden höküm sürýän ekenler. Emma men Hudaýdan gorkýandygym üçin beýle iş etmedim.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

15 Менден өңки болан хәкимлер велин халкың бойнуна агыр йүк болуп, олар илатдан бир гадак күмүшден дашары азык, шерап алян экенлер. Оларың хатда хызматкәрлери-де халкың үстүнден хөкүм сүрйән экенлер. Эмма мен Худайдан горкяндыгым үчин бейле иш этмедим.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 5:15
19 Iomraidhean Croise  

Ybraýym oňa şeýle jogap berdi: «Bu ýerde Hudaýdan gorkýan ýokdur öýtdüm we aýalym sebäpli özümi öldürerler diýip pikir etdim.


Üçülenji gün Ýusup olara şeýle diýdi: «Eger meniň diýenimi etseňiz, onda diri galarsyňyz, çünki men Hudaýdan gorkýaryn.


Men ähli güýjümi diwaryň gurluşygyna sarp etdim. Özümize ýerem talap etmedim. Hyzmatkärlerimiň hemmesi-de iş üstünde boldular.


Onsoň men: «Siziň bu edýän işiňiz gowy däl. Bize duşman bolan milletleriň gyjalatyndan gutulmak üçin, Hudaýymyzyň gorkusynda gezmeli dälmisiňiz?» diýdim.


Çünki Hudaýdan geljek betbagtçylykdan gorkdum, beýikliginden ýaňa Onuň huzurynda durup bilmezdim.


Rebbe şan-şöhrat bolsun! Eý, Rebbe hyzmat edýänler, şöhratlandyryň, Rebbiň adyna şan-şöhrat bolsun!


Sadyk söýgi etmişden saplaýar, Rebden gorkmak ýamanlykdan sowýar.


Hökümdar ýalan söze gulak salsa, onuň ähli emeldarlary erbet bolar.


Siziň araňyzda Rebden gorkup, Onuň gulunyň sözüne gulak asýan barmy? Garaňkylykda gezýän, yşygy bolmadyk, Rebbiň adyna bil baglap, Hudaýyna daýansyn.


Onsoň men Anatotdaky ekin meýdanyny daýymyň ogly Hanamelden satyn aldym. Ekin meýdany üçin oňa otuz bäş mysgal kümüş çekip berdim.


Üstümizden gullar höküm sürýär, olaryň elinden bizi halas edýän ýok.


Diňe öz dostlaryňyza salam berýän bolsaňyz, onda näme artykmaç iş edýärsiňiz? Butparazlar-da şeýle etmeýärmi näme?


Men araňyzda bolup, mätäçlik çekenimde-de, siziň hiç biriňize agram salan däldirin. Sebäbi gerek zatlarymyň baryny Makedoniýadan gelen doganlarym üpjün etdiler. Men haýsydyr bir zatda size agram salmakdan saklandym, mundan beýläk-de agram salmaryn.


Men size beýleki ýygnaklardan kemter garadymmy? Hä, hawa, men size agram salmadym-ow! Bu «adalatsyzlygym» üçin meni bagyşlaweriň!


Öz goşunbaşylarydyr hyzmatkärlerine bermek üçin, galla hem-de üzüm hasylyňyzyň ondan bir bölegini eliňizden alar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan