Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 5:13 - Mukaddes Kitap

13 Men donumyň syýyny silkip: «Eger-de kim şu beren sözünden dänse, Hudaý ony edil don syýynyň silkilip boşadylyşy ýaly öýünden, işinden mahrum etsin. Olar ähli zadyndan jyda düşsün» diýdim. Bütin jemagat hem muny makullap: «Omyn!» diýşip, Rebbe alkyş aýtdylar. Halk beren wadasyny ýerine ýetirdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 Мен донумың сыйыны силкип: «Эгер-де ким шу берен сөзүнден дәнсе, Худай оны эдил дон сыйының силкилип бошадылышы ялы өйүнден, ишинден махрум этсин. Олар әхли задындан җыда дүшсүн» дийдим. Бүтин җемагат хем муны макуллап: «Омын!» дийшип, Реббе алкыш айтдылар. Халк берен вадасыны ерине етирди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 5:13
17 Iomraidhean Croise  

Ýoşyýa sütüniň gapdalynda durup, Rebbiň tabşyryklaryny, permanlaryny, parzlaryny bütin kalby bilen, bütin jany-teni bilen berjaý edip, Rebbiň yzyna eýerjekdigine hem-de şu äht barada kitapda ýazylan sözleri berjaý etjekdikleri hakda Rebbiň huzurynda Onuň bilen äht edişdi. Bütin halk hem bu ähti oňlady.


Ysraýyl Hudaýy Rebbe ezelden ebedä çenli alkyşlar bolsun!» Onsoň tutuş halk «Omyn» diýip, Rebbi şöhratlandyrdy.


Onsoň Ezra Beýik Hudaý Rebbe alkyş aýtdy. Ähli jemagat elini ýokary galdyryp: «Omyn. Omyn» diýip jogap berdi. Soňra olar ýüzlerini ýere berip, Rebbe sežde etdiler.


Öz halas edişiňiň şatlygyny Sen maňa gaýtar, yhlasly ruh berip, maňa söýget bol.


Diýdim: «Beýik Hudaý indi tarapymyzy tutmaýar – bu meni lapykeç edýär».


Kanuny bozýanlar erbetleri öwýändir, kanuny saklaýanlar bolsa olar bilen göreşýändir.


Diliň saňa günä etdirmesin; Hudaýyň ilçisiniň öňünde: «Wadam säwlik» diýme. Näme üçin Hudaý seniň sözüňe gaharlanyp, elleriňiň işini ýok etsin?


Bu nälet getirýän suw seniň içiňe ornap, garnyňy çişirsin, uýat ýeriňi guratsyn!“ Aýal hem „Omyn. Omyn“ diýsin.


Kim sizi kabul etmese, sözleriňizi diňlemese, ol öýden ýa-da şäherden çykyp barýarkaňyz, aýaklaryňyzyň tozuny kakyň.


Bu iki resul bolsa olara garşylyk hökmünde, aýaklarynyň tozuny kakyp, Ikoniýa şäherine gitdiler.


Emma olar Pawlusa garşy çykyp, oňa sögmäge başladylar. Şonda Pawlus olardan närazy bolup, egin-eşiginiň çaňyny kakyp: «Ganyňyz öz boýnuňyza bolsun, mende aýyp ýok. Mundan beýläk men keseki milletleriň ýanyna gitjek» diýdi.


Eger sen Hudaýy öz kalbyňda şöhratlandyrsaň, seniň aýdýan zatlaryňa düşünmeýän adam şükürleriňe nädip «omyn» diýsin? Ol seniň aýdýanlaryňa düşünmeýär ahyryn.


Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Reb bu gün Ysraýyl patyşalygyny seniň eliňden ýyrtyp alyp, saňa görä has gowurak başga birine berdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan