Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 5:10 - Mukaddes Kitap

10 Munuň üstesine-de, men, meniň doganlarym we meniň hyzmatkärlerim hem olara pul we galla karz berýäris. Geliň, şu göterimine zat bermegi bes edeliň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Мунуң үстесине-де, мен, мениң доганларым ве мениң хызматкәрлерим хем олара пул ве галла карз берйәрис. Гелиң, шу гөтеримине зат бермеги бес эделиң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 5:10
18 Iomraidhean Croise  

Şeýle hem biz her ýyl bir mysgal kümşi, Hudaýymyzyň öýüniň hyzmaty üçin bermegi özümize borç edindik. Bu kümüş hödür çöregi, hemişelik galla sadakasy, hemişelik ýakma gurbanlygy, Sabat günleri, Täze Aý baýramlary we beýleki baýramlar, mukaddes sadakalar, Ysraýyly günäsinden saplama gurbanlyklary üçin ulanylar.


Şu günüň özünde olaryň ekin ýerlerini, üzümçiligini, zeýtun baglaryny, öýlerini, puldan, bugdaýdan, şerapdan we ýagdan alan göterimiňizi olara yzyna gaýdyp beriň.


Bu zatlar hakda oýlanyp, beglere hem baştutanlara käýedim. Men olara: «Siziň her biriňiz öz halkyňyza göterimine pul berýärsiňiz» diýdim. Onsoň olaryň garşysyna uly jemagaty ýygnap, şeýle diýdim:


Onsoň men: «Siziň bu edýän işiňiz gowy däl. Bize duşman bolan milletleriň gyjalatyndan gutulmak üçin, Hudaýymyzyň gorkusynda gezmeli dälmisiňiz?» diýdim.


Reb meniň mirasym hem-de nesibäm, Onuň elindedir meniň ykbalym.


Meniň saýlaýan agyz beklemäm adalatsyzlyk zynjyrlaryny gyrmak, boýuntyryk ýüplerini çözmek, ezilenleri azat etmek, her bir boýuntyrygy syndyrmak üçin dälmi?


Öz peýdasyna karz berip, göterimine pul berer. Beýle ogul diri galarmy? Ýok, diri galmaz. Ol bu nejis işleriň ählisini etdi, ol hökman öler we dökülen gany öz boýnuna bolar.


Hiç kime zulum etmez, bergidaryň girewini yzyna gaýtarar, talaňçylyk etmez, aja nan, ýalaňaja don berer.


Özüniň peýdasyna karz bermez, göterimine pul bermez, elini adalatsyzlyk etmekden saklar, iki adamyň arasynda adalaty hakykata laýyk ýerine ýetirer.


Düşeginde pislik oýlaýanlaryň, niýetini ýamana düwýänleriň, dat gününe! Daň atanda niýetlerini amala aşyrýarlar, çünki olaryň muňa güýji ýetýär.


Biz Hudaýdan gorkmagyň nämedigini bilenimiz üçin, başgalary hem toba etmelidigi barasynda ynandyrjak bolýarys. Biziň nähilidigimiz Hudaýa äşgärdir. Bu siziň ynsabyňyza hem äşgärdir diýen umydym bar.


Şoňa görä-de, biz Isa Mesihiň ilçileridiris. Hudaý biz arkaly ýüzlenýär. Biz size Mesihiň hatyrasyna ýalbarýarys: Hudaý bilen ýaraşyň!


Biz Hudaýyň işdeşleri hökmünde size ýalbarýarys: Ondan alan merhemetiňizi harlamaň.


Karzlaryňyzy ötmegiň ýoly şeýledir: her bir ysraýylly öz ysraýyl doganynyň karzyny geçsin. Ondan karzyny bermegi talap etmesin, çünki karz geçmekligi Rebbiň Özi yglan etdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan