Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 4:7 - Mukaddes Kitap

7 Emma Sanballatdyr Tobyýa, araplardyr ammonlar we aşdotlylar Iýerusalim diwarlarynyň gurluşygynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, diwar gädikleriniň bitirilip barýandygyny eşidenlerinde, gaty gaharlandylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Эмма Санбаллатдыр Тобыя, араплардыр аммонлар ве ашдотлылар Иерусалим диварларының гурлушыгының үстүнликли амала ашырыляндыгыны, дивар гәдиклериниң битирилип баряндыгыны эшиденлеринде, гаты гахарландылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 4:7
29 Iomraidhean Croise  

Seniň bilen aýalyň, seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, duşmançylyk salaryn Men. Ol seniň kelläňi owradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.


Reb Öz gullary pygamberler arkaly aýdan sözüne görä, Ýahudanyň halkynyň baryny gyrdyrmak üçin babyllylaryň, siriýalylaryň, mowaplylaryň we ammonlylaryň goşunlaryny olaryň üstüne iberdi.


Mundan soň mowaplylar we ammonlylar megunylar bilen birlikde Ýehoşapadyň garşysyna söweşe çykdylar.


Biz Ýahuda etrabyna, beýik Hudaýyň öýüne barandygymyzy, siziň alyhezretleriňize mälim edýäris. Ol ýonulan daşlardan we diwarlaryna agaç örümler goýlup, salnyp ýör. Bu iş janypkeşlik bilen üstünlikli alnyp barylýar.


Emma horonly Sanballat we Ammon welaýatynyň wekili Tobyýa bir adamyň ysraýyl halkynyň bähbidini arap gelendigini eşidenlerinde, gahar-gazaba mündüler.


Emma horonly Sanballat, ammon emeldary Tobyýa we Geşem arap dagy muny eşidenlerinde, bizi äsgermezlik edip, biziň üstümizden gülüp: «Bu etjek bolýan zadyňyz näme? Patyşanyň garşysyna pitne turuzmakçy bolýarmysyňyz?» diýdiler.


Sanballat biziň diwary örüp ýörenimizi eşidende, gaty gaharlandy. Ol gazap donuny geýip, ýahudylaryň üstünden gülmäge başlady.


Muňa garamazdan biz diwary täzeden gurduk; tutuş diwar birikdirilip, onuň beýikligi ýarysyna ýetirildi, çünki halk işlemegi ýüregine düwdi.


Onsoň olaryň hemmesi gelip, Iýerusalime garşy uruşmak we onda aljyraňňylyk döretmek üçin dil düwüşdiler.


Biziň duşmanlarymyzyň we töweregimizdäki milletleriň ählisi muny eşidenlerinde, gaty gorkup, muny özlerine kemlik bildiler. Sebäbi olar bu işiň Hudaýymyzyň kömegi bilen edilendigine göz ýetirdiler.


ähli keseki halka, Us ýurdunyň hemme patyşalaryna, bütin piliştliler ýurdunyň patyşalaryna: Aşkelona, Gaza, Ekrona, Aşdodyň aman galanlaryna;


Onsoň Ysmaýyl janpenalaryň baştutany Nebuzaradonyň Mispada Ahykamyň ogly Gedalýa beren halkynyň ählisini, patyşanyň gyzlaryny, umuman, ol ýerde aman galan halkyň hemmesini ýesir aldy. Netanýanyň ogly Ysmaýyl olary ýesir alyp, ammonlaryň tarapyna geçmek üçin ýola düşdi.


Reb şeýle diýýär: «Men ammonlary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar öz çäklerini giňeltmek üçin Gilgadyň göwreli aýallarynyň garnyny ýardylar.


Ýok ederin Aşdodyň ilatyny, Aşkelonda eli şa hasaly hökümdary. Golumy Ekronyň garşysyna öwrerin, heläk ederin piliştlileriň aman galanyny». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Aşdot we Müsür galalaryna şuny jar ediň: «Samariýanyň daglaryna ýygnanyň. Şäheriň içindäki başagaýlygy, onuň arasyndaky zulumy görüň».


Mejlisiň agzalary muny eşidende gahar-gazaba münüp, olary öldürmegiň küýüne düşdüler.


Onsoň aždarha aýala gaty gazaplandy. Ol aýalyň beýleki çagalary, ýagny Hudaýyň buýruklaryny berjaý edip, Isa barada şaýatlyk edýänler bilen uruşmaga gitdi.


Ammonlaryň şasy Nahaş olara: «Men siziň ähliňiziň sag gözüňizi oýup, sizi tutuş Ysraýyla wejera etmek şerti bilen ylalaşyk baglaşaryn» diýip jogap berdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan