Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 4:6 - Mukaddes Kitap

6 Muňa garamazdan biz diwary täzeden gurduk; tutuş diwar birikdirilip, onuň beýikligi ýarysyna ýetirildi, çünki halk işlemegi ýüregine düwdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Муңа гарамаздан биз дивары тәзеден гурдук; тутуш дивар бирикдирилип, онуң бейиклиги ярысына етирилди, чүнки халк ишлемеги йүрегине дүвди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 4:6
13 Iomraidhean Croise  

Ýöne şunuň ýaly meýletin zat hödürlär ýaly men kim, meniň halkym kim? Bize ähli zat Senden gelýär; Saňa Öz beren zadyňdan yzyna berýäris.


Üstesine-de, Hudaýymyň öýüne bolan söýgim sebäpli, mukaddes ybadathana üçin şu taýýarlan zatlarymdan daşary meniň öz hususy altyn hem kümüş hazynam bar. Men şony-da Hudaýymyň öýüne berdim.


Hudaýyň halk üçin eden işlerine Hizkiýa we bütin halk şatlandylar, çünki bu iş tiz tamamlanypdy.


Olaryň ýazyklarynyň üstüni basyrma, günälerini nazaryňdan sypdyrma, çünki olar biziň – gurluşykçylaryň göwnüne degdiler.


Emma Sanballatdyr Tobyýa, araplardyr ammonlar we aşdotlylar Iýerusalim diwarlarynyň gurluşygynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, diwar gädikleriniň bitirilip barýandygyny eşidenlerinde, gaty gaharlandylar.


Elli iki günden soň, Elul aýynyň ýigrimi bäşi güni diwar gurluşygy tamamlandy.


Onuň işi dabaradan, şöhratdan doly, Onuň dogrulygy dowam edýär ebedi.


Bize merhemet et, ýa Reb, bize merhemet et, kemsidilmeden halys bolduk biz.


Reb Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabylyň, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwanyň we halkyň aman galanlarynyň ählisiniň kalbyny oýardy. Onsoň olar gelip, özleriniň Hudaýy Hökmürowan Rebbiň öýüni gurmaga başladylar.


Çünki Hudaý Öz göwnünden turýan işleri etmek üçin size gujur-gaýrat berip, sizdäki işini amal edýär.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan