Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 4:3 - Mukaddes Kitap

3 Onuň ýanyndaky ammonly Tobyýa şeýle diýdi: «Olaryň gurýan daş diwarynyň üstüne tilki münse-de ýykylar!»

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Онуң янындакы аммонлы Тобыя шейле дийди: «Оларың гурян даш диварының үстүне тилки мүнсе-де йыкылар!»

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 4:3
8 Iomraidhean Croise  

Benhadat ýene-de çaparlaryny Ahabyň ýanyna ýollap, şeýle diýdi: «Men Samariýany ýer bilen ýegsan etmek üçin ägirt uly goşun getirerin. Eger Samariýadan esgerlerimiň owuçlaryny doldurmaga ýeterlik toz tapylsa, goý, onda hudaýlar maňa muny we mundanam beterini görkezsin».


Benhadat: «Ýaraşyk üçin gelenem bolsalar, uruşmak üçin gelenem bolsalar olary diri tutuň» diýdi.


Indi gel-de, meniň jenabym Aşur patyşasy bilen bäsleş. Eger-de men size iki müň sany at bersem, siz olara münmäge şonça adam tapyp bilersiňizmi?


Emma horonly Sanballat we Ammon welaýatynyň wekili Tobyýa bir adamyň ysraýyl halkynyň bähbidini arap gelendigini eşidenlerinde, gahar-gazaba mündüler.


Emma horonly Sanballat, ammon emeldary Tobyýa we Geşem arap dagy muny eşidenlerinde, bizi äsgermezlik edip, biziň üstümizden gülüp: «Bu etjek bolýan zadyňyz näme? Patyşanyň garşysyna pitne turuzmakçy bolýarmysyňyz?» diýdiler.


Sanballat, Tobyýa, Geşem arap we beýleki duşmanlarymyz meniň diwary gurup gutardandygymy, onda ýekeje gädigiň hem galmandygyny (derwezeler entek ýerine oturdylmadyk hem bolsa) eşidenlerinde, Sanballat bilen Geşem meniň ýanyma adam iberip: «Gel, Ono düzlügindäki bir obada duşuşaly» diýdiler. Olar maňa kast etmegi ýüreklerine düwüpdiler.


Çünki Sion dagy weýran bolup, şagallar sümsünişip ýör üstünde.


Ammonlar hem, mowaplar hem Rebbiň jemagatyna girmeýär. Hatda olaryň soňky nesilleriniň hiç biri Rebbiň jemagatyna girmeýär.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan