Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 4:2 - Mukaddes Kitap

2 Sanballat öz ýaranlarynyň we Samariýa goşunynyň öňünde şeýle diýdi: «Bu bolgusyz ýahudylar näme edip ýörler? Olar hemme zady täzeden guraýjaklarmyka? Ýa-da gurbanlyk berjekmikäler? Olar işi bir günüň içinde tamamlarys öýdýärmikäler? Olar zir-zibil üýşmeginden alnan we ýanan daşlardan diwar galdyraýjaklarmyka?»

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Санбаллат өз яранларының ве Самария гошунының өңүнде шейле дийди: «Бу болгусыз яхудылар нәме эдип йөрлер? Олар хемме зады тәзеден гурайҗаклармыка? Я-да гурбанлык берҗекмикәлер? Олар иши бир гүнүң ичинде тамамларыс өйдйәрмикәлер? Олар зир-зибил үйшмегинден алнан ве янан дашлардан дивар галдырайҗаклармыка?»

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 4:2
17 Iomraidhean Croise  

Onsoň bu ýurduň ilaty ýahuda halky Rebbiň öýüni gurup ýörkä, olary gorkuzyp, ellerini işden sowatdylar.


Iýerusalim diwary Hudaýa bagyş edilende, lewileri Iýerusalime getirjek bolup, ähli ýerlerden gözlediler. Lewiler şatlyk, şükürlerdir we aýdymlar bilen kimwallar, arfalar we liralar bilen Iýerusalim diwarynyň bagyş ediliş dabarasyny bellemek üçin gerekdi.


Şol gün olar köp gurbanlyklar berip şatlandylar. Çünki Hudaý olara uly şatlyk eçilipdi. Aýallardyr çagalar-da şatlanyşyp, Iýerusalimiň şowhuny alyslardan eşidildi.


Emma ýahudalar: «Ýük daşaýanlar güýçden gaçýar, ýykyk-ýumruklar bolsa gaty köp; şonuň üçinem biz diwary örüp bilmeris» diýişýärdiler.


Elli iki günden soň, Elul aýynyň ýigrimi bäşi güni diwar gurluşygy tamamlandy.


Seniň gurbanlyk sypaň ýanynda hatda serçe hem tapýar özüne bir öý, garlawaç hem – öz çagalary üçin höwürtge, eý, Hökmürowan Reb, Patyşam hem-de Hudaýym!


«Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň döwründe moreşetli Mika pygamberlik edip, ol ähli halka Hökmürowan Reb şeýle diýýär diýip ýüzlendi: „Sion ekin meýdany kimin sürler. Iýerusalim harabaçylyga öwrülip, dag depesindäki ybadathanany jeňňellik basar“.


«Bu halkyň: „Reb Öz saýlan iki taýpasyny-da ret etdi“ diýip aýdýanyny göreňokmy? Olar indi Meniň halkymy kemsidýärler, ony millet hasap etmeýärler.


Şuny bilip goý we düşün: Iýerusalimi täzeden dikeltmek üçin çykan buýrukdan tä seçip-saýlanjak hökümdaryň döwrüne çenli ýedi ýediýyllyk geçer. Altmyş iki ýediýyllygyň içinde Iýerusalimde meýdançalar we garymlar ýene-de täzeden gurlar. Emma bu hem muşakgatly zamanda bolar.


Şan-şöhratyň barada eşitdim, ýa Reb! Ýa Reb, işleriňe haýranlar galýan! Biziň döwrümizde işleriňi janlandyr, biziň günlerimizde olary aýan et, gazap içindekäň rehim etmegi unutma.


Reb şol gün Iýerusalimiň halkyny gorar. Olaryň iň ejizi Dawut ýaly bolar. Dawudyň nesli Hudaý ýaly, öňe çykan Rebbiň perişdesi ýaly bolar.


«Ýeňil işler eden gününi ähmiýetsiz hasaplanlar Zerubabylyň elindäki şuguly görüp şatlanarlar. Bu ýedi çyra Rebbiň gözüdir, olar dünýäni aýlanyp ýörendir».


Emma danalary utandyrmak üçin, Hudaý bu dünýäniň akmak saýýanlaryny saýlady. Güýçlülerini utandyrmak üçin hem bu dünýäniň ejiz saýýanlaryny saýlady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan