Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 4:15 - Mukaddes Kitap

15 Duşmanlarymyz olaryň niýetleriniň bize aýandygyny we Hudaýyň olaryň niýetlerini başa bardyrmanlygyny eşidenlerinde, biziň hemmämiz diwar gurmaga, herimiz öz işli-işimize gaýdyp bardyk.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

15 Душманларымыз оларың ниетлериниң бизе аяндыгыны ве Худайың оларың ниетлерини баша бардырманлыгыны эшиденлеринде, бизиң хеммәмиз дивар гурмага, херимиз өз ишли-ишимизе гайдып бардык.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 4:15
13 Iomraidhean Croise  

«Ahytopel Abşalomyň ýanynda – dildüwşüge gatnaşanlaryň arasynda» diýip, Dawuda habar berdiler. Dawut: «Ýa Reb, Ahytopeliň maslahatlaryny puja çykarmagyňy dileýärin» diýdi.


Abşalom bilen ähli ysraýyllar: «Ark urugyndan bolan Huşaýyň maslahaty Ahytopeliň maslahatyndan gowy» diýdiler. Sebäbi Reb Abşalomy heläkçilige duçar etmek üçin, Ahytopeliň oňat maslahatyny puja çykarmak kararyna gelipdi.


Şol günden başlap, meniň adamlarymyň ýarysy diwar gurluşygynda işledi; beýleki ýarysy-da naýzalary, galkanlary, ýaýlary we sowutlary bilen goragda durdular. Baştutanlar hem diwar gurýan ýahudalary göz astynda sakladylar. Ýük daşaýanlar bir elleri bilen işläp, beýleki ellerinde ýarag tutdular.


Rebbe garşy durup biljek hiç bir danalyk, düşünje ýa-da maslahat ýokdur.


galp pygamberleriň alamatlaryny puja çykarýan, palçylary akmak edýän, akyldarlara zarba berip, bilýänlerini samsyklyga öwürýän,


Bile maslahat geçirersiňiz, ýöne ol başa barmaz; söz sözlärsiňiz, ýöne ol amala aşmaz, çünki Hudaý biziň bilendir.


Bu bir uzak ýola çykan adam ýalydyr. Ol öýünden çykyp barýarka, hyzmatkärlerine ygtyýar berer, her haýsyna bir iş tabşyrar. Gapydaky garawula bolsa oýa bolmagy buýrar.


Yhlasyňyz gowşamasyn, Mukaddes Ruhuň berýän hyjuwy bilen Rebbe hyzmat ediň.


Size buýruşymyz ýaly, gep-gürrüňsiz ýaşamaga, diňe öz işiňiz bilen meşgul bolmaga, eklenjiňizi özüňiz gazanmaga yhlas ediň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan