Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 4:14 - Mukaddes Kitap

14 Onsoň men beglere, baştutanlara we beýleki duranlara birlaý göz aýlap, şeýle diýdim: «Olardan gorkmaň! Beýik we haýbatly Rebbi ýatlaň! Garyndaşlaryňyz, ogullaryňyz, gyzlaryňyz, aýallaryňyz we öýleriňiz üçin söweşiň!»

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Онсоң мен беглере, баштутанлара ве бейлеки дуранлара бирлай гөз айлап, шейле дийдим: «Олардан горкмаң! Бейик ве хайбатлы Ребби ятлаң! Гарындашларыңыз, огулларыңыз, гызларыңыз, аялларыңыз ве өйлериңиз үчин сөвешиң!»

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 4:14
34 Iomraidhean Croise  

Mert bol, halkymyz üçin we Hudaýymyzyň galalary üçin dözümli söweşeli. Reb bolsa Öz islänini eder» diýdi.


Men şeýle diýdim: «Eý, Gögüň Hudaýy Reb, beýik we haýbatly Hudaý! Sen Özüňi söýüp, tabşyryklaryňy berjaý edýänler bilen ähtiňi hem sadyk söýgiňi saklaýaň.


Hudaý demirgazykdan altyn şöhle saçyp gelýär, Ol gudratly şöwkete beslenendir.


Ýa Reb, Öz gökleriňi ýar we aşaga in, daglara el degir, goý, tütesinler!


Sen oňa ebedi bereket berýäň, huzuryňdaky şatlyk bilen ony şat edýäň.


Ýa Reb, Seni çagyrýaryn; eşitmezlige salma, eý, meniň Gaýam, dymma, gabra inýänlere meňzemäýin men.


Gelip görüň Hudaýyň edenlerini: Ol ynsanlar arasynda edýän işlerinde haýbatly.


Şonda Seniň ýoluňy bilerler ýeriň ýüzünde, halas ediş güýjüňi – ähli milletlerde.


Halklar şatlansyn, joşup nagmalar aýtsyn, çünki Sen halklara adalatly kazylyk edýärsiň, ýer ýüzündäki halklara Sen ýol görkezýärsiň. Sela


Siziň üçin Reb söweşer. Siz diňe bu ýerde bolsaňyz bolýar» diýdi.


Reb olaryň söweş arabalarynyň tigirlerini batga batyrdy, şonuň üçin hem, olara arabalaryny sürmek gaty kyn düşdi. Şonda müsürliler: «Ýörüň, ysraýyllardan gaçalyň, çünki Müsüriň garşysyna olar üçin Reb söweşýär» diýdiler.


Juwanlygyňda, agyr günler gelmänkä, «olardan lezzet almaryn» diýjek ýyllaryň golaýlaşmanka, özüňi Ýaradany ýatla.


Ol ähte hyýanat edenleri hilegärlik bilen ýolundan azdyrar, emma öz Hudaýyna wepaly halk bolsa berk durup, oňa garşy hereket eder.


Onsoň Reb çykyp, söweş günündäki ýaly edip, şol halklaryň garşysyna urşar.


Ýöne siz Rebbiň garşysyna pitne turuzmaň we ol ýurduň ilatyndan gorkmaň. Çünki olar biziň höregimizdir, olaryň goragçysy olardan ýüz dönderdi, ýöne Reb biziň bilendir, olardan gorkmaň».


Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkmaň. Gowusy, bedeni hem, jany hem dowzahda ýok etmäge güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň.


Ine, Hudaýyňyz Reb bu ýurdy size berdi. Gidiň-de, ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň size söz berşi ýaly, ony mülk ediniň. Gorkmaň, dowla düşmäň“.


Çünki siziň Hudaýyňyz Reb hudaýlaryň Hudaýy, taňrylaryň Taňrysydyr. Ol beýik Hudaýdyr, gudratly we haýbatlydyr. Ol tarapgöýlik etmeýär we para almaýar.


Şoňa görä-de, biz ynam bilen şeýle diýýäris: «Reb – tarapdarym, men gorkmaýaryn, ynsan maňa näme edip bilsin?».


Men saňa şeýle buýruk berýändirin: dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!»


Ol bu ýere gelip, Efraýym daglygynda şahdan edilen surnaý çaldy. Ysraýyllar onuň bilen birlikde daglykdan indiler. Ehut olaryň öňündedi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan