Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 4:11 - Mukaddes Kitap

11 Duşmanlarymyz hem: «Üstlerine baranymyzy duýmankalar, biz olary öldürip, işi togtadarys» diýýärmişler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Душманларымыз хем: «Үстлерине баранымызы дуйманкалар, биз олары өлдүрип, иши тогтадарыс» диййәрмишлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 4:11
10 Iomraidhean Croise  

Ýadap gurbatdan düşen wagty men onuň üstüne çozup, ony howsala salaýyn. Ýanyndaky ähli goşun gaçar, men diňe patyşanyň özüni öldürerin.


Emma ýahudalar: «Ýük daşaýanlar güýçden gaçýar, ýykyk-ýumruklar bolsa gaty köp; şonuň üçinem biz diwary örüp bilmeris» diýişýärdiler.


Olaryň ýanynda ýaşaýan ýahudylar gelip, bize: «Duşmanlarymyz çar tarapdan bize hüjüm etjekler» diýip, gaýta-gaýta aýtdylar.


Onsoň biz öz Hudaýymyza dileg etdik we olardan goranmak üçin, gije-gündiz garawul goýduk.


Eý, Hudaý, göklerden-de ýokary beýgel! Tutuş ýer ýüzüne dolsun Seniň şöhratyň!


Munuň üçin başyňa bela geler, jadygöýlik bilen halas edip bilmersiň; başyňa betbagtçylyk iner, öňüni alyp bilmersiň sen onuň; duýdansyz üstüňe geler oslamaýan weýrançylygyň.


Ertesi gün ýahudylar biri-birleri bilen dil birikdirip, Pawlusy öldürýänçäler, iýip-içmezlige kasam etdiler.


Emma sen olaryň sözüne gulak asma, sebäbi kyrkdan gowrak adam gizlenip, Pawlusa bukuda garaşýar. Olar Pawlusy öldürýänçäk, iýip-içmeris diýip kasam etdiler. Şu wagt olar taýýar bolup, seniň razyçylygyňa garaşýarlar».


Rebbiň güni bir ogrynyň gelşi ýaly geler, muny özüňiz-de bilýänsiňiz ahyryn.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan