Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 4:1 - Mukaddes Kitap

1 Sanballat biziň diwary örüp ýörenimizi eşidende, gaty gaharlandy. Ol gazap donuny geýip, ýahudylaryň üstünden gülmäge başlady.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Санбаллат бизиң дивары өрүп йөренимизи эшиденде, гаты гахарланды. Ол газап донуны гейип, яхудыларың үстүнден гүлмәге башлады.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 4:1
13 Iomraidhean Croise  

Baş ruhany Elýaşybyň ogly Ýehoýadanyň ogullaryndan biri horonly Sanballatyň giýewsidi. Şonuň üçin men ony ýanymdan kowdum.


Emma horonly Sanballat we Ammon welaýatynyň wekili Tobyýa bir adamyň ysraýyl halkynyň bähbidini arap gelendigini eşidenlerinde, gahar-gazaba mündüler.


Emma horonly Sanballat, ammon emeldary Tobyýa we Geşem arap dagy muny eşidenlerinde, bizi äsgermezlik edip, biziň üstümizden gülüp: «Bu etjek bolýan zadyňyz näme? Patyşanyň garşysyna pitne turuzmakçy bolýarmysyňyz?» diýdiler.


Elli iki günden soň, Elul aýynyň ýigrimi bäşi güni diwar gurluşygy tamamlandy.


Biziň duşmanlarymyzyň we töweregimizdäki milletleriň ählisi muny eşidenlerinde, gaty gorkup, muny özlerine kemlik bildiler. Sebäbi olar bu işiň Hudaýymyzyň kömegi bilen edilendigine göz ýetirdiler.


Sidkiýa patyşa Ýermeýa: «Men babyllylaryň tarapyna geçen ýahudalaryň eline berlerin, olar maňa azar bererler diýip gorkýaryn» diýdi.


Müneçjimleriň aldanyny bilip, Hirod gahar-gazaba mündi. Ol müneçjimlerden sorap anyklan wagtyna görä, Beýtullaham bilen onuň daş-töweregindäki obalarda doglan iki ýaşyndaky we iki ýaşa ýetmedik erkek göbekli çagalaryň ählisini öldürtdi.


Tikenden täç örüp, başyna geýdirdiler-de, sag eline taýak tutdurdylar. Öňünde dyza çöküp: «Ýaşasyn ýahudylaryň patyşasy!» diýip, Ony masgaraladylar.


Şeýlelikde, baş ruhany we onuň ýanyndaky saddukeýleriň ählisi göriplikden ýaňa aýaga galdylar.


Başga birileri kemsidilmelere sezewar edilip gamçylandylar, zynjyrlar bilen baglanyp, zyndana taşlandylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan