Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 3:5 - Mukaddes Kitap

5 Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini tekowalylar dikeltdiler. Ýöne olaryň begleri baştutanlary tarapyndan bellenen işi etmekden ýüz öwürdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Оларың гапдалындакы дивар бөлегини тековалылар дикелтдилер. Йөне оларың беглери баштутанлары тарапындан белленен иши этмекден йүз өвүрдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 3:5
17 Iomraidhean Croise  

Ýowap Tekowa galasyna adam iberip, ol ýerden bir dana aýaly getirtdi. Ýowap aýala: «Ýas lybasyna girersiň-de, ýas tutýan kişi bolarsyň; atyr sepinmersiň, özüňi esli wagtdan bäri bir merhumyň ýasyny tutýan ýaly alyp bararsyň;


Ol Beýtullahamy, Eýtamy, Tekowany,


Onsoň tekowalylar beýik gorag diňiniň garşysyndaky Ofel diwaryna çenli bolan aralygy dikeltdiler.


Olaryň gapdalyndaky diwar bölümini Hakosyň agtygy, Uryýanyň ogly Meremot dikeltdi. Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini Meşezabeliň agtygy, Berekýanyň ogly Meşullam dikeltdi. Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini bolsa Bagananyň ogly Sadok dikeltdi.


Paseýanyň ogly Ýoýada bilen Besodýanyň ogly Meşullam Köne derwezäni dikeltdi. Olar pürsleri goýup, derwezäniň gapylaryny ýerine oturdyp, onuň nurbatlaryny we kiltlerini dakdylar.


Men Ýahuda patyşasy Sidkiýa hem hut şol sözleri aýdyp, şeýle diýdim: «Boýnuňyza Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny dakynyp, onuň özüne hem halkyna gulluk ediň we diri galyň.


Reb maňa şeýle diýdi: «Agaçdan bir boýuntyryk ýasap, tanap bilen ony boýnuňa dak.


Emma haýsy hem bolsa bir millet ýa-da patyşalyk Babyl patyşasy Nebukadnesara gulluk etmese, onuň boýuntyrygyny dakynmasa, Men olary bu patyşanyň eli bilen doly ýok edýänçäm, şol milleti gylyç, açlyk we mergi bilen jezalandyraryn. Muny Men – Reb aýdýandyryn“.


«Eý, benýamin halky, janyňyzy halas etmek üçin Iýerusalimden gaçyň! Tekowada surnaý çalyň, Beýthakeremde bir nyşan dikiň, çünki demirgazykdan bir betbagtlyk, äpet weýrançylyk ýetip gelýär.


Tekowaly çopanlaryň biri bolan Amosyň sözleri. Ysraýyl hakyndaky bu sözler Amosa ýertitremeden iki ýyl öň görnüş arkaly aýan bolupdy. Şol günlerde Ýahudada Uzyýa patyşa, Ysraýylda Ýehowaşyň ogly Ýarobgam patyşa höküm sürýärdi.


Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň. Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janyňyz rahatlyk tapar.


Beýle bolsa, näme üçin ata-babalarymyzyň we özümiziň göterip bilmedik boýuntyrygymyzy şägirtleriň boýnuna salýaňyz? Hudaýy synajak bolýarsyňyzmy?


Eý, doganlar! Hudaý sizi çagyrmanka özüňiziň kim bolandygyňyzy ýada salyň. Araňyzda ynsan nukdaýnazaryndan dana, ygtyýarly, asylzada saýylýanlaryňyz köp däldi.


Rebbiň perişdesi diýýär: „Batyr esgerlere goşulmandygy üçin Meroz galasyna gargaň, onuň halkyna lagnat ýagdyryň!“.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan