Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 3:4 - Mukaddes Kitap

4 Olaryň gapdalyndaky diwar bölümini Hakosyň agtygy, Uryýanyň ogly Meremot dikeltdi. Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini Meşezabeliň agtygy, Berekýanyň ogly Meşullam dikeltdi. Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini bolsa Bagananyň ogly Sadok dikeltdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Оларың гапдалындакы дивар бөлүмини Хакосың агтыгы, Урыяның оглы Меремот дикелтди. Оларың гапдалындакы дивар бөлегини Мешезабелиң агтыгы, Берекяның оглы Мешуллам дикелтди. Оларың гапдалындакы дивар бөлегини болса Багананың оглы Садок дикелтди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 3:4
11 Iomraidhean Croise  

Şeýle-de ruhanylaryň nesillerinden Habaýa, Hakos we Barzyllaý (gilgatly Barzyllaýyň gyzlaryndan aýal alyp, şolaryň ady bilen atlandyrylan.)


Dördülenji gün Hudaýymyzyň öýünde altyndyr kümüş we gap-gaçlar ölçelip, olar Uryýanyň ogly ruhany Meremotyň eline berildi. Meremotyň ýanynda Pinehasyň ogly Elgazar bardy. Lewi tiresinden bolan Ýeşuwanyň ogly Ýozabat we Binnuýyň ogly Nogadýa hem olaryň ýanyndady.


Meşezabel, Sadok, Ýaduwa,


Meşullam, Abyýa, Miýamyn,


Barukdan soň Elýaşybyň öýüniň gapysyndan tä öýüň gutarýan ýerine çenli aralykdaky diwary Hakosyň agtygy, Uryýanyň ogly Meremot dikeltdi.


Hasenanyň ogullary Balyk derwezesini bina etdiler. Olar onuň pürslerini goýup, derwezäniň gapylaryny ýerine oturdyp, nurbatlaryny we kiltlerini dakdylar.


Onuň gapdalyndaky diwar bölümini Şelemýanyň ogly Hananýa bilen Salapyň altynjy ogly Hanun dikeltdiler. Olaryň gapdalynda Berekýanyň ogly Meşullam öz öýüniň gabadyndaky diwar bölegini dikeltdi.


Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini tekowalylar dikeltdiler. Ýöne olaryň begleri baştutanlary tarapyndan bellenen işi etmekden ýüz öwürdiler.


Ýahudada köp adam Tobyýa bilen kasam edişipdi, çünki Tobyýa Aranyň ogly Şekanýanyň giýewsidi. Onuň ogly Ýehohanan hem Berekýanyň ogly Meşullamyň gyzyna öýlenipdi.


şeýle hem ruhanylardan: Hobaýanyň nesilleri, Hakosyň nesilleri we gilgatly Barzyllaýyň gyzlaryndan aýal alyp, olaryň ady bilen atlandyrylan Barzyllaýyň nesilleri.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan