Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 3:30 - Mukaddes Kitap

30 Onuň gapdalyndaky diwar bölümini Şelemýanyň ogly Hananýa bilen Salapyň altynjy ogly Hanun dikeltdiler. Olaryň gapdalynda Berekýanyň ogly Meşullam öz öýüniň gabadyndaky diwar bölegini dikeltdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

30 Онуң гапдалындакы дивар бөлүмини Шелемяның оглы Хананя билен Салапың алтынҗы оглы Ханун дикелтдилер. Оларың гапдалында Берекяның оглы Мешуллам өз өйүниң габадындакы дивар бөлегини дикелтди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 3:30
5 Iomraidhean Croise  

Ammarlara gözegçi edip, men Şelemýa ruhanyny, Sadok mürzäni, lewilerdenem Pedaýany belledim. Olaryň kömekçisi edip, Matanýanyň agtygy, Zakuryň ogly Hanany goýdum. Çünki bularyň hemmesi dogruçyl adamlar saýylýardy. Indi olaryň borjy doganlarynyň hakyny paýlamakdy.


Olaryň gapdalynda Immeriň ogly Sadok öz öýüniň gabadyndaky diwar bölegini dikeltdi. Onuň gapdalynda Gündogar derwezesini saklaýan Şekanýanyň ogly Şemagýa bir diwar bölegini dikeltdi.


Onuň gapdalyndaky diwar bölümini zergärlerden bolan Malkyýa Gözden geçiriş derwezesiniň garşysynda bolan ybadathana hyzmatkärleriniň hem-de täjirleriň öýüne çenli bolan aralygy we burçdaky ýokarky otaga çenli bolan aralygy dikeltdi.


Olaryň gapdalyndaky diwar bölümini Hakosyň agtygy, Uryýanyň ogly Meremot dikeltdi. Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini Meşezabeliň agtygy, Berekýanyň ogly Meşullam dikeltdi. Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini bolsa Bagananyň ogly Sadok dikeltdi.


Ýahudada köp adam Tobyýa bilen kasam edişipdi, çünki Tobyýa Aranyň ogly Şekanýanyň giýewsidi. Onuň ogly Ýehohanan hem Berekýanyň ogly Meşullamyň gyzyna öýlenipdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan