Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 3:21 - Mukaddes Kitap

21 Barukdan soň Elýaşybyň öýüniň gapysyndan tä öýüň gutarýan ýerine çenli aralykdaky diwary Hakosyň agtygy, Uryýanyň ogly Meremot dikeltdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

21 Барукдан соң Эляшыбың өйүниң гапысындан тә өйүң гутарян ерине ченли аралыкдакы дивары Хакосың агтыгы, Урыяның оглы Меремот дикелтди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 3:21
8 Iomraidhean Croise  

Şeýle-de ruhanylaryň nesillerinden Habaýa, Hakos we Barzyllaý (gilgatly Barzyllaýyň gyzlaryndan aýal alyp, şolaryň ady bilen atlandyrylan.)


Dördülenji gün Hudaýymyzyň öýünde altyndyr kümüş we gap-gaçlar ölçelip, olar Uryýanyň ogly ruhany Meremotyň eline berildi. Meremotyň ýanynda Pinehasyň ogly Elgazar bardy. Lewi tiresinden bolan Ýeşuwanyň ogly Ýozabat we Binnuýyň ogly Nogadýa hem olaryň ýanyndady.


Onsoň baş ruhany Elýaşyp we onuň ruhany doganlary Goýun derwezesini täzeden gurup, onuň gapylaryny oturtdylar. Onsoň olar diwary Ýüzler diňine we Hananel diňine çenli gurup, ony hem Hudaýa bagyş etdiler.


Ezerden soň diwaryň öwrülýän ýerinden, baş ruhany Elýaşybyň öýüniň gapysyna çenli diwary Zakaýyň ogly Baruk dikeltdi.


Meremotdan soň Iýerusalimiň töwerek-daşyndaky ýerlerden gelen ruhanylar diwaryň bir bölegini dikeltdiler.


Olaryň gapdalyndaky diwar bölümini Hakosyň agtygy, Uryýanyň ogly Meremot dikeltdi. Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini Meşezabeliň agtygy, Berekýanyň ogly Meşullam dikeltdi. Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini bolsa Bagananyň ogly Sadok dikeltdi.


şeýle hem ruhanylardan: Hobaýanyň nesilleri, Hakosyň nesilleri we gilgatly Barzyllaýyň gyzlaryndan aýal alyp, olaryň ady bilen atlandyrylan Barzyllaýyň nesilleri.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan