Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 3:16 - Mukaddes Kitap

16 Şallumdan soň Beýtsur etrabynyň ýarysynyň häkimi Azbugyň ogly Nehemýa Dawut gonamçylygynyň garşysyndan tä emeli howza we edermen urşujylaryň öýüne çenli bolan diwary dikeltdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

16 Шаллумдан соң Бейтсур этрабының ярысының хәкими Азбугың оглы Нехемя Давут гонамчылыгының гаршысындан тә эмели ховза ве эдермен уршуҗыларың өйүне ченли болан дивары дикелтди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 3:16
18 Iomraidhean Croise  

Hizkiýanyň beýleki işleri, görkezen edermenlikleri, onuň howdan we ýap gazyp, olardan şähere suw getirişi barada ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.


Şammaýdan Magon doguldy. Magon Beýtsuryň kakasydyr.


Asany Dawut galasynda özi üçin gazyp goýan mazarynda jaýladylar. Ony bir ussat tarapyndan taýýarlanan her hili hoşboý ysly zatlardan doldurylan tabytda goýdular. Asanyň hatyrasyna uly ot ýakyldy.


Soňra men Bulak derwezesine we Patyşa howzuna gitdim. Emma ol ýerde eşegim geçer ýaly ýer ýokdy.


Onuň gapdalyndaky diwar bölegini Iýerusalim etrabynyň galan ýarysynyň häkimi Halloheşiň ogly Şallum we onuň gyzlary dikeltdiler.


Beýthakerem etrabynyň häkimi Rekabyň ogly Malkyýa Dökün derwezesini dikeltdi. Ol derwezäni täzeden bina edip, onuň gapylaryny oturtdy we nurbatlaryny, kiltlerini dakdy.


Onuň gapdalyndaky diwar bölegini lewiler dikeltdiler: Banynyň ogly Rehum onuň gapdalyndaky diwary dikeltdi; Kegila etrabynyň ýarysynyň häkimi Haşabýa öz etraby üçin bir diwar bölegini dikeltdi.


Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini Iýerusalimiň etrabynyň ýarysynyň häkimi Huruň ogly Repaýa dikeltdi.


Ösüp oturan baglary suwarmak üçin, howuzlar edindim.


Ana, Süleýmanyň şa paýtuny! Ysraýylyň altmyş gerçegidir onuň daşynda.


Köne howzuň suwlary üçin, iki diwaryň arasyndan suw howdanyny gazdyňyz. Ýöne ony Ýaradana seretmediňiz, owaldan Taýynlany görmediňiz.


Dawut şäherindäki köp jaýryklary gördüňiz, aşaky howza suw topladyňyz.


Onsoň Reb Işaýa şeýle diýdi: «Ogluň Şeýarýaşup bilen ýokarky howza akýan ýabyň aýagyndaky kir ýuwulýan meýdanyň ýolunda Ahazy garşylamaga gidip, oňa şuny aýdyň:


Doganlar! Beýik atamyz Dawut hakda meniň size aç-açan aýtmagym gerek. Ol öldi, jaýlandy, mazary bolsa biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr.


Halhul, Beýtsur, Gedor,


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan