Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 3:15 - Mukaddes Kitap

15 Mispa etrabynyň häkimi Kolhozeniň ogly Şallum Bulak derwezesini dikeltdi. Ol derwezäni täzeden bina edip, onuň üstüni basyrdy, gapylaryny ýerine oturdyp, onuň nurbatlaryny we kiltlerini dakdy. Şeýle hem ol patyşa bagynyň ýanyndaky Şela howzunyň diwaryny tä Dawut şäherinden aşak inýän basgançaklara barýança gurdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

15 Миспа этрабының хәкими Колхозениң оглы Шаллум Булак дервезесини дикелтди. Ол дервезәни тәзеден бина эдип, онуң үстүни басырды, гапыларыны ерине отурдып, онуң нурбатларыны ве килтлерини дакды. Шейле хем ол патыша багының янындакы Шела ховзуның диварыны тә Давут шәхеринден ашак инйән басганчаклара барянча гурды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 3:15
19 Iomraidhean Croise  

Dawut galany eýeledi we ony «Dawut galasy» diýip atlandyrdy. Ol Millodan başlap, galanyň tutuş töweregini täzeden gurdy.


Galanyň diwarynyň bir bölegi duşman tarapyndan ýykylypdy. Babyllylar galanyň daş-töweregini gurşap alan bolsalar-da, Sidkiýa ähli esgerleri bilen gije patyşanyň bagynyň gapdalyndaky iki diwaryň arasyndaky derwezeden çykyp, Iordan deresine tarap gaçyp gitdiler.


Gihon suwlarynyň ýokarky goluny baglap, olary Dawut galasynyň günbatar tarapyna aşaklygyna sowan bu Hizkiýadyr. Hizkiýanyň ähli işleri rowaçlandy.


Bulak derwezesiniň ýanynda öňlerindäki Dawut şäherine eltýän basgançaklardan diwaryň uçudyna çykdylar. Dawudyň köşgüniň üstünden gündogara tarap ýöräp, Suw derwezesine geldiler.


Soňra men Bulak derwezesine we Patyşa howzuna gitdim. Emma ol ýerde eşegim geçer ýaly ýer ýokdy.


Soňra men olara: «Iýerusalimiň haraba öwrülip, onuň derwezeleriniň oda ýanandygy zerarly biziň nähili ejir çekýändigimizi siziň özüňiz görüp dursuňyz. Mundan artyk wejera bolup ýörmezlik üçin, geliň, Iýerusalimiň diwaryny dikeldeliň!» diýdim.


Onuň gapdalyndaky diwar bölegini Iýerusalim etrabynyň galan ýarysynyň häkimi Halloheşiň ogly Şallum we onuň gyzlary dikeltdiler.


Beýthakerem etrabynyň häkimi Rekabyň ogly Malkyýa Dökün derwezesini dikeltdi. Ol derwezäni täzeden bina edip, onuň gapylaryny oturtdy we nurbatlaryny, kiltlerini dakdy.


Binnuýyň gapdalynda diwaryň öwrülýän ýerinden gorhana uçudynyň gabadynda bolan diwaryň binýat diregini Mispanyň häkimi Ýeşuwanyň ogly Ezer dikeltdi.


Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini gibgonly Melatýa bilen meronotly Ýadon Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň hökümdarynyň golastyndaky Gibgonyň we Mispanyň ýaşaýjylary bilen bile dikeltdiler.


Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini Iýerusalimiň etrabynyň ýarysynyň häkimi Huruň ogly Repaýa dikeltdi.


Ösüp oturan baglary suwarmak üçin, howuzlar edindim.


«Bu halk haýal akýan Şilowa suwuny ret etdi, olaryň Resiniň hem Remalýanyň oglundan köňülleri şat boldy.


Onsoň Ýermeýa Mispadaky Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna gitdi. Mispa baryp, onuň bilen birlikde ýurtda galan halkyň arasynda ýaşady.


Ýa Siloýam minarasy üstlerine ýykylyp ölen on sekiz adam ýadyňyzda dälmi? Eýsem şolar Iýerusalimdäkilerden has köp ýazyklydyr öýdýäňizmi?


Soňra oňa: «Git-de, Siloýam howzunda ýuwun» diýdi. (Siloýam «Iberilen» diýmekdir.) Ol gidip ýuwundy we yzyna gözleri açylyp geldi.


Soňra demirgazykda Dandaky, günortada Beýerşebadaky we gündogarda Gilgatdaky ähli ysraýyllar bu çagyryşa jogap berdiler. Olaryň hemmesi bir adam ýaly bolup, Mispada Rebbiň huzurynda ýygnanyşdylar.


(Benýaminler ysraýyllaryň Mispada üýşendiklerini eşitdiler.) Ysraýyllar: «Nädip beýle masgaraçylyk bolup bildi?» diýip soradylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan