Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 3:1 - Mukaddes Kitap

1 Onsoň baş ruhany Elýaşyp we onuň ruhany doganlary Goýun derwezesini täzeden gurup, onuň gapylaryny oturtdylar. Onsoň olar diwary Ýüzler diňine we Hananel diňine çenli gurup, ony hem Hudaýa bagyş etdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Онсоң баш руханы Эляшып ве онуң руханы доганлары Гоюн дервезесини тәзеден гуруп, онуң гапыларыны отуртдылар. Онсоң олар дивары Йүзлер диңине ве Хананел диңине ченли гуруп, оны хем Худая багыш этдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 3:1
19 Iomraidhean Croise  

Ýeşuwa Ýoýakymyň atasydyr. Ýoýakym Elýaşybyň atasydyr. Elýaşyp Ýoýadanyň atasydyr.


Ruhanylar we lewiler özlerini tämizlänlerinden soň, halky, derwezeleri we diwary-da tämizlediler.


Efraýym derwezesiniň üstünden Köne derwezesine, Balyk derwezesine, Hananel diňine, Ýüzler diňine we Goýun derwezesine çenli gidip, Garawul derwezesine ýetip durduk.


Baş ruhany Elýaşybyň ogly Ýehoýadanyň ogullaryndan biri horonly Sanballatyň giýewsidi. Şonuň üçin men ony ýanymdan kowdum.


Mundan ozal Hudaýymyzyň öýüniň otaglaryna gözegçi bellenen we Tobyýanyň garyndaşy bolan ruhany Elýaşyp Tobyýa üçin giň bir otag taýynlan eken. Öň şol otagda galla sadakasyny, ýakymly ysly tütetgini, gap-gaçlary tabşyryk boýunça lewilere, aýdymçylara we derwezebanlara berilýän gallanyň, şerabyň, ýagyň ondan birini hem-de ruhanylar üçin gatançlary saklaýan ekenler.


Ezerden soň diwaryň öwrülýän ýerinden, baş ruhany Elýaşybyň öýüniň gapysyna çenli diwary Zakaýyň ogly Baruk dikeltdi.


Barukdan soň Elýaşybyň öýüniň gapysyndan tä öýüň gutarýan ýerine çenli aralykdaky diwary Hakosyň agtygy, Uryýanyň ogly Meremot dikeltdi.


Burçda ýerleşen ýokarky otag bilen Goýun derwezesiniň aralygyndaky diwar bölegini zergärler bilen täjirler dikeltdiler.


Sanballat, Tobyýa, Geşem arap we beýleki duşmanlarymyz meniň diwary gurup gutardandygymy, onda ýekeje gädigiň hem galmandygyny (derwezeler entek ýerine oturdylmadyk hem bolsa) eşidenlerinde, Sanballat bilen Geşem meniň ýanyma adam iberip: «Gel, Ono düzlügindäki bir obada duşuşaly» diýdiler. Olar maňa kast etmegi ýüreklerine düwüpdiler.


Ine, diwar örülip, gapylar ýerine oturdyldy, derwezebanlar, aýdymçylar, lewiler bellendi.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.


Mazarlary baky öýleri bolar, mesgenleri geçer nesilden-nesle, atlaryny dakýarlar öz mülklerine.


Bar işleriňde Ony tana, Ol seniň ýollaryňy dogrular.


Rebbi bütin baýlygyň hem ilkinji hasylyň bilen hormatla.


Reb şuny aýdýandyr: «Hananel diňinden Burç derwezesine çenli Iýerusalim şäheriniň Men-Reb üçin täzeden guruljak günleri hökman geler.


Şuny bilip goý we düşün: Iýerusalimi täzeden dikeltmek üçin çykan buýrukdan tä seçip-saýlanjak hökümdaryň döwrüne çenli ýedi ýediýyllyk geçer. Altmyş iki ýediýyllygyň içinde Iýerusalimde meýdançalar we garymlar ýene-de täzeden gurlar. Emma bu hem muşakgatly zamanda bolar.


Gebadan Iýerusalimiň günortasyndaky Rimmona çenli tutuş ýurt düzlüge öwrüler. Emma Iýerusalim Benýamin derwezesinden öňki derwezäniň ýerleşen ýerine, Çüňk derwezesine çenli, ýagny Hananel diňinden patyşanyň üzüm sykylýan ýerine çenli aralykdaky belentlikde galar.


Iýerusalimde Goýun derwezesiniň ýanynda bir howuz bardy. Bu howzuň arameýçe ady Beýtzata bolup, onuň töwereginde bäş eýwan bardy.


Soňra baştutanlar esgerlere ýüzlenip, şeýle diýsinler: „Kim täze jaý gurup, heniz onda ýaşamadyk bolsa, ol adam yzyna – öýüne gaýtsyn, ýogsam ol uruşda wepat bolaýsa, onuň öýünde başga biri ýaşar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan