Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 2:8 - Mukaddes Kitap

8 Şeýle hem patyşa tokaýynyň sakçysy Asafa, ybadathana galasynyň derwezeleri üçin, şäheriň diwarlary we meniň ýaşajak öýümiň pürsleri üçin agaç berer ýaly hat bersin» diýdim. Hudaýymyň ýalkamagy bilen patyşa meniň dilegimi bitirdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Шейле хем патыша токайының сакчысы Асафа, ыбадатхана галасының дервезелери үчин, шәхериң диварлары ве мениң яшаҗак өйүмиң пүрслери үчин агач берер ялы хат берсин» дийдим. Худайымың ялкамагы билен патыша мениң дилегими битирди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 2:8
18 Iomraidhean Croise  

Ol adam Ýakuba: «Indi seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar, çünki sen Hudaý hem adamlar bilen göreş tutuşyp, olardan üstün çykdyň» diýdi.


Emma Ysraýyl Hudaýynyň nazary ýahudy ýaşulularynda bolansoň, bu iş hakdaky habar Darýuşa ýetip, ondan jogap gelýänçä, olar ýahudylaryň işini togtadyp bilmediler.


Onsoň olar ýedi günläp uly şatlyk bilen Petir baýramyny bellediler. Çünki Reb olara şatlyk berdi we Ysraýyl Hudaýynyň öýüni gurmaga ýahudalara ýardam bereri ýaly, Aşur patyşasynyň kalbynda olara bolan rehim oýardy.


Munuň üstesine-de, men size ýahudylaryň baştutanlaryna Hudaýyň bu öýüniň gurulmagy üçin, näme kömek etmelidigiňiz barada perman çykarýaryn. Bu adamlaryň harjy dolulygyna we gijikdirilmän şa hazynasyndan Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň berýän salgydyndan tölensin.


Ezra birinji aýyň birinji güni Babyldan çykyp gaýdypdy. Hudaýynyň ýalkamagy bilen ol bäşinji aýyň birinji güni Iýerusalime geldi.


Onsoň men doganym Hanany bilen galanyň serkerdesi Hananýany Iýerusalime häkim edip belledim. Çünki ol ynamdar adam bolup, köplere garanda, Hudaýdan has gaty gorkýardy.


Patyşanyň ýüregi Rebbiň elinde akar ýap ýalydyr, ony islän tarapyna öwürýändir.


özüme bakjalar we seýil baglaryny edindim; olarda her hili miweli agaçlary ekdim.


Ösüp oturan baglary suwarmak üçin, howuzlar edindim.


Bulary görüp, kalbyňyz şatlykdan dolar, bedeniňiz maýsa kimin gülläp öser; Rebbiň eliniň bendeleriniň üstündedigi aýan bolar, Onuň gazaby bolsa duşmanlaryna garşydyr.


Baş gözegçiniň nazarynda Hudaý Danyýele merhemet we rehim-şepagat berdi.


Emma şu güne çenli Hudaý maňa medet berdi. Şonuň saýasynda uludan-kiçä, hemmelere şaýatlyk edip gelýärin. Boljak zatlary öňden habar beren pygamberleriň we Musanyň aýdanlaryndan başga hiç zat öwreden däldirin.


Ol Ýusuby ähli külpetlerden azat etdi. Hudaý oňa görlüp-eşidilmedik akyl-paýhas berip, ony Müsür patyşasy faraonyň huzurynda merhemet tapar ýaly etdi. Faraon ony Müsüriň we tutuş köşgüň baştutany edip belledi.


Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Titusyň-da ýüregine size bolan yhlasy saldy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan