Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 2:5 - Mukaddes Kitap

5 Onsoň men patyşa şeýle jogap berdim: «Eger patyşa oňlasa we men siziň nazaryňyzda hormat gazanan bolsam, onda meni Ýahuda, ata-babalarymyň mazarlary ýatan şäheriň diwarlaryny dikeltmäge goýber».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Онсоң мен патыша шейле җогап бердим: «Эгер патыша оңласа ве мен сизиң назарыңызда хормат газанан болсам, онда мени Яхуда, ата-бабаларымың мазарлары ятан шәхериң диварларыны дикелтмәге гойбер».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 2:5
12 Iomraidhean Croise  

Ýowap ýere ýüzin düşüp tagzym etdi we patyşa alkyş aýtdy. Soňra ol patyşa: «Eý, şa hezretleri, öz islegini berjaý edendigiňize görä, siziň nazaryňyzda rehim-şepagat tapandygyny men guluňyz bilýär» diýdi.


Şonuň üçinem eger patyşa makul bilse, Babylyň şalyk arhiwlerinde barlag geçirdip, Kureş patyşanyň Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüni täzeden gurmaga ýörite buýruk berendigini ýa-da bermändigini anyklatsyn. Bu iş barada patyşa öz islegini bize bildirsin».


Patyşa menden: «Islegiň näme?» diýip sorady. Men Gögüň Hudaýyndan dileg etdim.


Patyşa (şa aýaly-da onuň ýanynda otyrdy) menden näçe wagtlyk gitjekdigimi we haçan dolanyp geljekdigimi sorady. Men patyşa belli bir möhleti aýdanymdan soň, ol meni goýbermäge razy boldy.


Eger patyşa oňlasa, goý, ol bir perman çykarsyn. Şa aýaly Waşty mundan beýläk Kserks patyşanyň huzuryna barmaly däldir diýlip, parslaryň we madaýlaryň kanunlaryna girizilsin we üýtgedilmesin. Şeýle hem, goý, patyşa Waştynyň şa aýallyk derejesini ondan gowurak başga birine bersin.


„Eger men patyşanyň göwnünden turan bolsam, patyşa dilegimi bitirip, islegimi ýerine ýetirmegi oňlasa, patyşa bilen Haman ertir meniň olar üçin gurjak meýlisime gelsinler. Men ertir patyşanyň soragyna jogap bererin“» diýdi.


Şa aýaly Ester şeýle jogap berdi: «Eý, patyşahym, eger men seniň göwnüňden turan bolsam, eger patyşa oňlasa, meniň dilegim boýunça janym, islegim boýunça-da halkym berilsin.


Ester hem ýerinden turup, patyşanyň huzurynda durdy. Ol şeýle diýdi: «Eger patyşanyň göwnüne ýarasa, eger men patyşanyň nazarynda merhemet gazanan bolsam, bu işi patyşa oňlasa, eger men onuň göwnünden turan bolsam, goý, onda perman ýazylsyn. Şol permanda agak tiresinden bolan Hammedatanyň ogly Hamanyň patyşanyň ähli welaýatlaryndaky ýahudylary ýok etmek üçin hilegärlik bilen ýazan hatlary ýatyrylýar diýip ýazylsyn.


Şonda sen Hudaýyň hem adamlaryň nazarynda merhemet we abraý taparsyň.


Şuny bilip goý we düşün: Iýerusalimi täzeden dikeltmek üçin çykan buýrukdan tä seçip-saýlanjak hökümdaryň döwrüne çenli ýedi ýediýyllyk geçer. Altmyş iki ýediýyllygyň içinde Iýerusalimde meýdançalar we garymlar ýene-de täzeden gurlar. Emma bu hem muşakgatly zamanda bolar.


Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz agardylyp, daşyndan owadan görünýän, emma içi ölüleriň süňkleridir her tüýsli murdarlykdan doly mazarsyňyz.


Rut: «Meniň jenabym, sende rehim-şepagat tapaýyn. Men seniň gyrnagyň bolmasam-da, mylaýym sözleriň bilen öz gyrnagyň göwnüni göterdiň» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan