Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 2:4 - Mukaddes Kitap

4 Patyşa menden: «Islegiň näme?» diýip sorady. Men Gögüň Hudaýyndan dileg etdim.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Патыша менден: «Ислегиң нәме?» дийип сорады. Мен Гөгүң Худайындан дилег этдим.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 2:4
15 Iomraidhean Croise  

«Ahytopel Abşalomyň ýanynda – dildüwşüge gatnaşanlaryň arasynda» diýip, Dawuda habar berdiler. Dawut: «Ýa Reb, Ahytopeliň maslahatlaryny puja çykarmagyňy dileýärin» diýdi.


Gibgonda gije Süleýmanyň düýşüne Reb girdi. Hudaý oňa: «Dile, dilän zadyňy bererin» diýdi.


Ýa Reb, Öz guluňyň dilegine we Saňa hormat goýýan gullaryňyň dilegini eşit! Öz guluňyň işini şu gün Özüň oňuna edip, patyşanyň maňa rehimi iner ýaly et». Men şol wagtlar patyşanyň sakysydym.


Men bu zatlary eşidenimde, oturyp agladym we birnäçe günläp ýas tutdum. Agyz bekläp, gökdäki Hudaýdan dileg etdim.


Men şeýle diýdim: «Eý, Gögüň Hudaýy Reb, beýik we haýbatly Hudaý! Sen Özüňi söýüp, tabşyryklaryňy berjaý edýänler bilen ähtiňi hem sadyk söýgiňi saklaýaň.


Onsoň men olara: «Gögüň Hudaýy işimizi oňuna salar. Onuň gullary bolan biz gurluşyk işine başlarys. Emma siziň welin, Iýerusalimde ne paýyňyz, ne-de hak-hukuklaryňyz bar» diýip jogap berdim.


Onsoň men patyşa şeýle jogap berdim: «Eger patyşa oňlasa we men siziň nazaryňyzda hormat gazanan bolsam, onda meni Ýahuda, ata-babalarymyň mazarlary ýatan şäheriň diwarlaryny dikeltmäge goýber».


Patyşa oňa: «Şa aýaly Ester, saňa näme gerek? Näme islegiň bar? Patyşalygymyň ýarysy hem bolsa, ol saňa berler» diýdi.


Şerap içip otyrkalar, patyşa Estere: «Näme dilegiň bar? Ol saňa berler. Näme islegiň bar? Patyşalygymyň ýarysy hem bolsa berler» diýdi.


Meýlisiň ikinji güni şerap içip otyrkalar, patyşa ýene-de Estere ýüzlenip: «Şa aýaly Ester, seniň näme dilegiň bar? Ol saňa berler. Näme islegiň bar? Patyşalygymyň ýarysy hem bolsa, ol ýerine ýetiriler» diýdi.


Bar işleriňde Ony tana, Ol seniň ýollaryňy dogrular.


Isa ondan: «Seniň üçin näme etmegimi isleýärsiň?» diýip sorady. Kör adam: «Halypa, gözlerim açylsyn!» diýdi.


Müňbaşy ýigidi goltuklap, bir gyra çekdi-de, ondan: «Sen maňa näme hakda habar bermekçi?» diýip sorady.


Hiç zady gaýgy etmäň. Gaýtam, Hudaýa şükür edip, her bir ýagdaýdaky ähli mätäçlikleriňizi Oňa doga-dileglerde aýdyň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan