Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 2:3 - Mukaddes Kitap

3 Men patyşa şeýle jogap berdim: «Patyşa uzak ýaşasyn! Atalarymyň mazarlary ýatan şäheri haraba öwrülip, derwezeleri oda ýanypdyr, onsoň nädip meniň ýüzüm salyk bolmasyn?»

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Мен патыша шейле җогап бердим: «Патыша узак яшасын! Аталарымың мазарлары ятан шәхери хараба өврүлип, дервезелери ода яныпдыр, онсоң нәдип мениң йүзүм салык болмасын?»

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 2:3
21 Iomraidhean Croise  

Onsoň Batşeba ýüzüni ýere berip, oňa tagzym etdi we: «Goý, jenabym Dawut patyşanyň ömri uzak bolsun!» diýdi.


Babyl patyşasy Nebukadnesaryň patyşalygynyň on dokuzynjy ýylynyň bäşinji aýynyň onunjy güni şanyň janpenalarynyň baştutany hem emeldary Nebuzaradon Iýerusalime geldi.


Ýehoram patyşa bolanda otuz iki ýaşyndady. Ol sekiz ýyl Iýerusalime patyşalyk etdi. Onuň ölümine gynanç bildiren bolmady. Olar Ýehoramy Dawut galasynda jaýladylar; ýöne ony patyşalaryň mazarynda goýmadylar.


Ahaz ata-babalaryna gowuşdy. Ol Iýerusalim şäherinde jaýlandy. Emma Ahazy Ysraýyl patyşalarynyň mazaryna getirmediler. Ogly Hizkiýa onuň ýerine patyşa boldy.


Hizkiýa ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawudyň nesilleriniň mazarlarynyň ýokarsynda jaýlandy. Hizkiýa aradan çykanda, bütin Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilaty oňa hormat goýdy. Ogly Manaşa onuň ýerine patyşa boldy.


Babyllylar Hudaýyň öýüni ýakyp, Iýerusalimiň diwaryny ýykyp, ondaky ähli köşklere ot berip, ähli gymmatbaha zatlary ýok etdiler.


Olar maňa: «Ýesirlikden gutulyp, aman galan ýahudylar uly betbagtçylykda; olar ile masgaradyrlar; Iýerusalimiň diwarlary ýumrulyp, onuň derwezeleri oda ýandy» diýip gürrüň berdiler.


Men gije Dere derwezesinden çykdym. Şagal çeşmesiniň ýany bilen Dökün derwezesine çenli gidip, Iýerusalimiň ýykylan diwarlaryny, oda ýanan derwezelerini gözden geçirdim.


Çünki men halkymyň başyna geljek bela nädip çydaýyn? Garyndaşlarymyň ýok edilmegine nädip çydaýyn?»


Çünki niçik ýaradylandygymyzy Ol bilýär, biziň bir toprakdygymyz ýadyna düşýär.


Ynsan ömri ota meňzeýär, meýdan güli kimin olar gülleýär,


Reb beýik bolsa hem, pespällere nazaryn salýar, emma tekepbirleri uzak ýerden saýgarýar.


«Dogrudan-da, ynsan gezýär bir sudur kimin; dogrudan-da, biderek ýere ol hysyrdaýar; ýygnaýar, munuň kime galjagyny bilmeýär.


Babyl patyşasy Nebukadnesaryň patyşalygynyň on dokuzynjy ýylynyň bäşinji aýynyň onuna şanyň janpenalarynyň baştutany hem emeldary Nebuzaradon Iýerusalime geldi.


Onuň derwezeleri ýere çökdi; Reb kiltlerini döwüp ýok etdirdi. Patyşasy we ýolbaşçylary ýat milletleriň arasynda galdy. Indi halka öwüt-nesihat berilmeýär, pygamberlerine Rebden görnüş gelmeýär.


Müneçjimler arameý dilinde patyşa ýüzlenip: «Patyşa baky ýaşasyn! Gören düýşüňizi öz gullaryňa aýt, biz onuň näme aňladýandygyny ýorup bereli» diýdiler.


Olar Nebukadnesar patyşa şeýle diýdiler: «Patyşa baky ýaşasyn!


Patyşanyň hem-de onuň töreleriniň sesini eşidip, patyşanyň ejesi meýlishana geldi. Patyşanyň ejesi şeýle diýdi: «Patyşa baky ýaşasyn! Pikirleriň seni howsala salmasyn, ýüzüňiň reňki solmasyn.


Danyýel patyşa şeýle diýdi: «Patyşa baky ýaşasyn!


Onsoň ol wezirler, häkimler dil düwşüp, patyşanyň ýanyna geldiler we oňa: «Darýuş patyşa baky ýaşasyn!


Men siziň galalaryňyzy haraba öwrüp, siziň seždegähleriňizi ýer bilen ýegsan ederin, ýakymly ysly sadakalaryňyzy kabul etmerin.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan