Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 2:19 - Mukaddes Kitap

19 Emma horonly Sanballat, ammon emeldary Tobyýa we Geşem arap dagy muny eşidenlerinde, bizi äsgermezlik edip, biziň üstümizden gülüp: «Bu etjek bolýan zadyňyz näme? Patyşanyň garşysyna pitne turuzmakçy bolýarmysyňyz?» diýdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

19 Эмма хоронлы Санбаллат, аммон эмелдары Тобыя ве Гешем арап дагы муны эшиденлеринде, бизи әсгермезлик эдип, бизиң үстүмизден гүлүп: «Бу этҗек болян задыңыз нәме? Патышаның гаршысына питне турузмакчы болярмысыңыз?» дийдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 2:19
22 Iomraidhean Croise  

Baş ruhany Elýaşybyň ogly Ýehoýadanyň ogullaryndan biri horonly Sanballatyň giýewsidi. Şonuň üçin men ony ýanymdan kowdum.


Emma horonly Sanballat we Ammon welaýatynyň wekili Tobyýa bir adamyň ysraýyl halkynyň bähbidini arap gelendigini eşidenlerinde, gahar-gazaba mündüler.


Sanballat biziň diwary örüp ýörenimizi eşidende, gaty gaharlandy. Ol gazap donuny geýip, ýahudylaryň üstünden gülmäge başlady.


Ol hatda şeýle ýazylandy: «Milletler arasynda şeýle gürrüň bar, muny Geşem hem tassyklaýar. Sen we ýahudylar pitne turuzjak bolýarmyşyňyz. Diwary-da şonuň üçin gurup ýörmüşiňiz. Aýdyşlaryna görä, sen olara patyşa bolmalymyşyň.


Çünki olaryň hemmesi bizi gorkuzmak isleýärdiler we: «Elleri işden sowap, iş togtar» diýip pikir edýärdiler. Şonuň üçinem men işi dowam etmek üçin Hudaýdan güýç-kuwwat diledim.


«Emma indi ýaşkiçiler, üstümden gülýärler, atalaryny sürimi goraýan itleriň ýanynda goýmaga-da laýyk görmezdim.


siller bizi syryp-süplärdi, suw akymy bizi girdabyna dolardy,


Eý, Hudaý, Sen bizi dikelt, ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly.


Ýusup nesli Müsürden çykyp gaýdanda, Hudaý muny oňa düzgün hökmünde berdi. Men bir nätanyş diliň owazyny eşitdim:


«Men gerşiňi dyndyrdym ýükden, seniň elleriň halas boldy sebetden.


Sen harby ukybyň we güýç-kuwwatyň gürrüňini edýärsiň, emma olar boş sözlerdir. Sen kime bil baglap, meniň garşyma gozgalaň turuzdyň?


Çünki geplesem, perýat edýärin, «Zorluk we zulum!» diýip gygyrýaryn. Rebbiň sözünden ýaňa bütin gün kemsidildim we masgara boldum.


Onsoň Ysmaýyl janpenalaryň baştutany Nebuzaradonyň Mispada Ahykamyň ogly Gedalýa beren halkynyň ählisini, patyşanyň gyzlaryny, umuman, ol ýerde aman galan halkyň hemmesini ýesir aldy. Netanýanyň ogly Ysmaýyl olary ýesir alyp, ammonlaryň tarapyna geçmek üçin ýola düşdi.


Olara: «Aýrylyň, gyz ölenok, diňe uklap ýatyr» diýdi. Olar Isanyň üstünden güldüler.


Olar bolsa Onuň üstünden güldüler. Emma Isa hemmäni daşarda goýup, diňe çaganyň ene-atasyny we Özi bilen gelenleri alyp, onuň ýatan otagyna bardy.


Olar Isany ýazgarmaga başladylar: «Biz bu adamyň milletimizi azdyrýandygyny gördük. Ol imperatora salgyt tölemäge garşy çykýar we Özüni Mesih hem Patyşa diýip atlandyrýar».


Şundan soň Pilat Isany boşatmaga synanyşdy. Emma ýahudylaryň baştutanlary gygyryşyp: «Ony boşatsaň, sen imperatoryň dosty dälsiň. Kim-de kim özüni patyşa saýsa, ol imperatora garşydyr» diýdiler.


Biz bu adamyň dünýädäki ähli ýahudylaryň arasynda gozgalaň turuzýan bir pitneçidigine göz ýetirdik we ol Nasyra toparynyň baştutany.


Başga birileri kemsidilmelere sezewar edilip gamçylandylar, zynjyrlar bilen baglanyp, zyndana taşlandylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan